Sallançak

9 Fewral 2021
3317

Gadymy mirasa baý halkymyzyň arasynda maşgala, durmuş bilen baglanyşykly däp-dessurlar, edim-gylymlar häzirki döwürde-de ýörgünlidir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz perzentlerini päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzinde durýan, mert, edermen, arassa ahlakly edip, terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen ençeme gymmatlyklary döredip, bize miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatlyklaryň biri-de sallançakdyr. Sallançak diýlende türkmen öýüniň töründe içi bäbekli mukaddeslik göz öňüne gelýär. Bäbek üçin ene gujagynyň dowamy sallançakdyr. Akja bäbekli sallançak üwrelip duran öý döwletlidir.

Ata-babalarymyz öýüň dulundan sallançak gurupdyrlar. Özi-de ol çaganyň başy günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Öňki döwürlerde sallançagyň ýüpi ak öýüň tärimlerinden daňylypdyr. Pagsa jaýlarda jaýyň burçundan teble kakyp, şol tebleden halka asyp, halkadan sallançagyň ala ýüpüni dakypdyrlar. Öýüň dulundan 2-3 metr aralykda iki sany dagdan agajyny dikip, sallançak ýüpleri üçin ýörite pagta süýüminden, geçi çöpürinden ýa-da goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Iki gat ýüpüň iki ujunyň hersini bir agaja birikdiripdirler.

Gülälek HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň bölüm müdiri.