"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Göwne ganat, döwre ylham bedewler

Döwleti berkarar, halky bagtyýar ýurduň toý-baýramlary goşa-goşadan gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Milli bahar baýramy bilen Halkara Nowruz gününiň goşa şatlygynyň ruhundan göwünlerimizi ganatlandyryp ýören günlerimiz biz ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Ol waka özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilige sarp edýän Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji martyň ir säheri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baranda «Buşluk!» habary bilen garşylanmagydyr. Bu ýerde milli Liderimize meşhur Akhan diýen bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigini habar berdiler. Döwlet Baştutanymyz bahar aýynyň ajaýyp gününde, Nowruz baýramynyň dabaralarynyň arassa asmanymyzy gurşap alan pursadynda özüniň seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň at taýynyň bolandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary şatlyk bilen garşylady. Müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän dünýä nusgalyk däbimize eýerip, täze doglan at taýynyň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Soňra hormatly Prezidentimiz milli atşynaslyk sungatynda täze dünýä inen at taýa onuň atasynyň adynyň baş harpy bilen utgaşdyryp at dakmak däbinden ugur alyp hem-de ak mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabat diýip at goýdy.

Türkmenistan «Akylly» şäherleri bilen şöhratlanar

16-njy martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu wakalar tutuş halkymyzda egsilmez ruhy joşgun, ajaýyp döwrümize bolan çäksiz buýsanç duýgularyny döretdi. Çünki ýene sanlyja ýyldan häzirki wagtda köpsanly binagärlik-inženerçilik işlerini özünde jemleýän ägirt uly gurluşyk toplumy bolup duran bu döwletli tutum ― Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi ajaýyp döwrümize mynasyp ak şäherleriň biri bolar.

Türkmençilik we dünýä medeniýeti

Soňky döwürde ýygy-ýygydan ulanýan bir jümlämiz bar: Dünýä globallaşýar. Hawa, bu inkär edip bolmajak hakykat. Dile çeper ussatlar-a bu ýagdaýy: «Watanymyz — dünýä, milletimiz — adamzat» diýip häsiýetlendirýärler. Tehnologiýalaryň ýyldyrym çaltlygynda ösmegi ynsanlary, şol bir wagtyň özünde millet-halklary edil şol tizlikde bolmasa-da, görnetin derejede ýakynlaşdyryp, baglanyşygyny güýçlendirýär. Şeýle bolansoň, beýleki halklar bilen parahatçylykly, ylalaşykly ýaşamak diýen wajyp wezipe ynsanyýetiň öňündäki ähmiýetini has-da artdyrýar oturyberýär. Sebäbi Zemin parahatlygyny berkarar etmek bu wezipäniň berjaý edilmegine bagly bolup durýar. Hawa, parahatlyk — rahat ýaşaýyş. Rahat ýaşaýyş — gorky-ürküsiz, arkaýyn durmuş. Eýsem, erkana ýaşaýyş haçan mümkin bolýar? Ynsanlar biri-biri bilen ynanyşyp ýaşan halatynda. Tutuş Ýer ýüzi babatynda alanyňda bolsa, milletler, döwletler biri-birine hormat goýup, diňe hoşniýetli gatnaşyklary alyp baran mahalynda.

«Gelse Nowruz äleme...»

Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Halkara Nowruz gününiň ajaýyp däp-dessurlary häzirki wagtda döwrebap dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň Nowruzynyň öňýany tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasyny geçirmek, köpçülikleýin ýowar edip daş-töweregi tämizlemek, ähli babatda päklenip Nowruzy garşylamak asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Şol däbe eýerilip, şu ýyl hem Milli bahar baýramynyň we Halkara Nowruz gününiň öňýany, ýagny 20-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän «Garagum» myhmanhanasynyň golaýynda täze döredilýän seýilgähde ilkinji düýp agaç nahalyny oturdyp, ak pata bermegi bilen, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekişligiň öňýany Döwlet senamyzyň owazy astynda ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy hemmelere Nowruza mahsus täze ruhy joşgun eçildi. Şol gün paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň ýaşaýjylary miweli, pürli we saýaly baglaryň, üzüm nahallarynyň ýüzlerçe müň düýbüni ekdiler, öňden bar bolan baglara timar berdiler. Özleriniň ýaşaýan we işleýän ýerlerini tämizläp, ruhlaryny päkläp, 21-nji martyň ir säheri — Nowruz güni dogan nurly Güni ýagşy dileglerdir umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylary hem şol gün Garagum derýasynyň gözel kenarynda uly ruhubelentlik bilen Halkara Nowruz gününiň hem-de Milli bahar baýramynyň toý şowhunyna goşu

Goý, ýaňlansyn bitaraplyk mukamy!

Döwlet Baştutanymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy» diýip ýazyşy ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli ugurlar babatda durnukly ösüşi gazanmagymyzda ygtybarly daýanjymyzdyr. Alyp barýan her bir işimizde yhlasymyzy artdyrýan kuwwat çeşmesidir. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara derejesinde abraýynyň artmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti uludyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk — munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr! Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilen 2020-nji ýylynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi. Çünki hemişelik Bitaraplygymyz hem edil ýurt Garaşsyzlygymyz ýaly dabarasy soňlanmajak mukaddeslikdir.

Türkmenistan — işjeň ösýän sport döwleti

Sport — saglyk, ösüş we bagtyýarlyk getirýän durmuş hakykaty. Ol ynsanlara saglyk bagyş etmek bilen birlikde, olaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklara ýol açýar. Halklaryň abadan we parahat durmuşyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän ýurdumyzda sport çäreleriniň giň gerim almagy kanunalaýyklykdyr. Ähli döwürlerde-de dostlugy, parahatçylygy, agzybirligi, jebisligi we raýdaşlygy şygar edinen sport adamzadyň öňünde diňe oňyn maksatlary goýýar. Ýurdumyz bolsa oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde, parahatçylygy wagyz etmekde sebitde nusga bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan örän ýokary depginler bilen ösýän sport döwletleriniň biridir. Biziň Watanymyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, ýokary derejeli stadionlar, atçylyk sport toplumlary gurulýar. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bedenterbiýe maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda şu ýyl Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň, Aziýa we Okeaniýa IV toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyrynyň, 2022-nji ýylda bolsa Sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

Sarahsdan demirgazyk-günbatara gidilende, sebitde o diýen uly bolmasa-da, adybir akyldar şahsyýetiň abraýy hem-de şöhraty bilen beýgelen, XI asyryň belli şäheri Mänä gelýärsiň. Bu şäherde ýaşan akyldar Abu Seýit Abul Haýyr (967 — 1049) — sufizmiň köp asyrlardan soň hem uly hormat bilen ady tutulýan görnükli wekilleriniň biridir. Halkymyzda bu şahsyýet «Mäne baba» ady bilen meşhurdyr. Onuň ýaşan döwründe Mäne şäheri ýeterlik derejede bol oba hojalyk önümleriniň mesgeni bolup, onuň bazarlary, kerwensaraýlary hemişe adamly ekeni. Şäheriň dört burçunda diňleri bolan gönüburçly içki galasy bolupdyr. Häzirki wagtda ol depe bolup dur, il arasynda oňa Göbeklidepe diýilýär. Onuň çäginiň daşynda Mäne babanyň sopulary üçin hanakasy ýerleşipdir. Mäne baba köp gezip, dürli şäherlerde bolup, şol döwrüň görnükli alymlary, filosoflary bilen duşuşypdyr, pikir alşypdyr. Halk hakydasy iki sany ussadyň — Mäne baba bilen Ibn Sinanyň arasyndaky söhbet hakyndaky rowaýaty şu günlere ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem getirýän şol rowaýatyna görä, Mäne baba Ibn Sina bilen gepleşip otyrka, käsäni ýokary zyňýar, käse bolsa howada aslyşyp durýar. Ol myhmanyna: «Siz, alymlar, fizikanyň kanunyna salgylanyp: «Tutuş tebigaty boýunça ähli jisimler merkeze ymtylýarlar» diýýärsiňiz. Näme üçin käse özüniň agramynyň bardygyna garamazdan, howada asyly

Kazy, wezir, hökümdar hem şahyr

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.Bu babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen birlikde, türkmen halkynyň geçmişinde uly yz galdyran şahsyýetleri öwrenmeklige hem uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylanyna 10 ýyl boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ylham» atly çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolupdy. Şonda döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça täze çeperçilik-seýilgäh toplumy «Ylham» diýlip atlandyrylypdy. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän bu muzeýde 40-dan gowrak taryhy we edebi şahsyýetlerimiziň heýkelleri oturdylan. Olaryň biri-de kazy, wezir, hökümdar hem şahyr bolan şahsyýet — Burhaneddin Ahmet Siwaslydyr.

Edermen alabaýymyz

Türkmen sährasynyň görki, guwanjy, Edermen, merdana alabaýymyz.Çopan goşlarynyň gorag-daýanjy,Üşükli, gaýduwsyz alabaýymyz. Arkadagyň eserinden orun alan,Mertebesi asyrlara ýaň salan.Waspyny ýetirsek älem diň salar,Gözellikde taýsyz alabaýymyz.

Bu toprakda atýan daňlar mukaddes (Şahyrana oýlanma)

Watan, seniň bütin durkuň owadan, gelýän günler, aýlar, ýyllar biri-birinden ajaýyp, bagtyýar zamanada ýaýnaýan iller abadan, sabalaryň altyn Güni bezär üstüňe nur çaýyp! Togabym bar ata-baba yzlaryna, «Balam!» diýip kükrek gerip, iýdiren bal, duzlaryna. Her säherler oýanyp, bagda guşlaryň owazyna, aşyk bolup Diýaryň bahar-tomus ýazlaryna, bagra basyp, melul bolup, dutar-gyjak sazlaryna, ömürlik bergidir men mähriban Watan saňa!

Gök önümleriň saglyga peýdasy

Adamlar hemişe öz iýýän iýmitlerine ünsli garamalydyrlar. Sebäbi ähli iýmit adam üçin peýdaly bolup bilenok, käbir iýmitleriň saglyga zyýanly täsirini ýetirýän halatlary-da bolýar. Şoňa görä, saglygymyzy goramak üçin, peýdaly önümleri ulanmalydyrys. Çünki peýdaly önümiň düzümindäki witaminler we mikroelementler howply täze döremelere garşy göreşmäge ukyplydyrlar. Mysal üçin, beta-karotin diýen madda howply çişleriň öýjüklerine garşy göreşip bilýär. Bu madda hurmada, erikde, garalyda, pomidorda, käşirde köp saklanýar. A, С, E witaminleriň hem edil şunuň ýaly täsiri bardyr. Bu witaminler şugundyrda, ysmanakda, deňiz suwotularynda köp mukdarda saklanýarlar. Gök önümler we miweler witaminlerden, mikroelementlerden başga-da ösümlik süýümlerine (kletçatka) baýdyr. Ösümlik süýümleri zyýanly maddalary we kanserogenleri özüne birleşdirip, bedenden daşyna çykarmaga kömek edýärler. Şeýlelikde, olar içegede çiş keseliniň döremeginiň öňüni alýarlar.

Amatly gün

Günlerde bir gün talyplar mugallymdan: — Täze bir işe başlamak üçin haýsy gün has amatly? — diýip sorapdyrlar.

Ruhlandyrýan sözler

Daýym ömrüm ötüreýin, beren bahar-paslyňda,Erkanadyr bilbil susan, bizge hazan gerekmes.Magtymguly * * *

Soňky sütün

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen indi birnäçe ýyldan bäri Halkara Nowruz gününiň öňýany köpçülikleýin bag ekmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerip, 20-nji martda ýurdumyzyň ähli ilaty milli Liderimiziň ilkinji nahaly oturdyp, ak pata bermegi bilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Şol gün miweli we saýaly nahallaryň ýüzlerçe müň düýbi oturdyldy, öňden bar bolan baglarda bejergi, timarlaýyş işleri geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallary oturdylar. * * *

Möhüm syýasy çäre

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, hakyky halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar hem onuň aýdyň güwäsidir. Döwletimiziň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri meýilnama laýyk üstünlikli alnyp barylýar. Şu güne çenli welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, mynasyp dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlandy. Bellige alnan dalaşgärlere Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, saýlawlaryň öňýanyndaky ähli çäreler demokratik, aýanlyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.

Zenan bagtyýarlygy — ýurduň bagta ýarlygy

Ýaňy gadam goýan bahar paslymyzyň gözelligine gözellik goşup, ýurdumyzda Halkara zenanlar güni uludan bellenip geçildi. Şatlyk-şowhuny bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny bezän bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli, paýtagtymyzda we ähli welaýatlarymyzda konsertler, dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, şeýle hem wagyz-nesihat çäreleri guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «8-nji martda dabaralary guramak bilen, biz zenanlarymyza çuňňur hormatymyzy, hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de olaryň jemgyýetde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini artdyrmakda eýeleýän ornuny açyp görkezýäris» diýşi ýaly, bu baýramçylyk biziň döwletimizde zenan mertebesiniň juda belentdedigini ýene bir gezek bütin halkara jemgyýetçiligine görkezdi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de olaryň birnäçesine ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli — 2021» bäsleşikleriniň geçirilmegi baýramçylyga aýratyn röwüş çaýyp, watandaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyk duýgusyny has joşdurdy.

Garaşsyzlyk müdimilik mukaddeslik!

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli halkymyza Gutlagynda: «Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys» diýdi. Eýýäm şu jümleden Türkmen döwletiniň özbaşdak ýaşaýşa gadam goýan ilkinji pursatlaryndan dogry ýoly saýlap alandygyny, ol ýol bilen bedew batly öňe gidip, uly belentliklere ýetendigini duýmak kyn däl. Elbetde, «duýmak» diýenimde men ýaş nesli göz öňünde tutýaryn, orta we uly ýaşly adamlar bolsa Garaşsyzlygyň gadamlaryna aýak goşup, her bir ösüş-özgerişe gözli şaýat bolan, kesp-kärine, ukybyna görä şol işlere goşant goşan adamlar. Indi 30 ýylyň içidir, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem maddy, hem ruhy eşretlerini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Elbetde, bu döwür taryh üçin juda bir uly möhlet däl, emma şol ýyllarda özbaşdak ýaşap, ata-baba ruhumyza kybap milli ýolumyzdan ýöräp gazanan köpugurly ösüşlerimiz welin, döwletimiziňem, halkymyzyňam durmuşynda görlüp-eşidilmedik özgerişlikleri döretdi. Şonuň üçin, bu günki gün geçilen ýola gysgaça ser salmaga, taryh üçin uzak

Parahatçylyk we ynanyşmak - halkymyzyň gadymy ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda halkymyzyň parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasyny, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini çuňňur paýhaslaryň üsti bilen giňden beýan edýär. Bu kitaby içgin okadygyňça, öňe sürülýän belent pikirler parahatçylyga we ynanyşmaga söýgiňi joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy gözbaşlara, gadymy hem mizemez köklere daýanýandygy, halkymyzyň goşa ganatyna öwrülen bu mukaddesliklerimiziň buýsançly geljegimiziň täze gözbaşydygy, ebedi ýolumyzdygy, ertirki durmuşymyzyň sagdyn esaslarydygy bu kitapda aýratyn nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz kitabynda aýdyşy ýaly: «Halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we onuň pugtalanmagy bile

Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijiler durnukly ösýär. Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösýändigini, munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda sanly ykdysadyýetiň bu giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar hem tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň elmydama ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, onuň maddy esasyny düzýän kuwwatly ykdysady binýada baglydyr. Ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy üçin milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige uky

Aşgabat - açyk asmanyň astyndaky galereýa

Sungaty öwrenijileriň pikirlerine görä, nakgaşlyk seredip, synlap bolýan sungat, heýkeltaraşlyk daşyndan aýlanyp bolýan sungat, binagärlik içinden geçip bolýan sungat. Ine, her gezek Aşgabat hakynda bir zat ýazmaly bolanda şu pikirler ilki sere gelýär. Aşgabat ― sungat eserleriniň jemlenen ýeri ― galereýasy. Onuň islendik künjeginde durup, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik eserleriniň iň ajaýyp nusgalaryny synlap bolýar. Onuň islendik künjeginde durup, guşlaryň, agaçlaryň, çüwdürimleriň, «dag tarapdan typyp gelen «ýaşyl» şemalyň, mymyk şemalyň», şadyýan çagalaryň, sazlaşykly geçip duran ulaglaryň seslerinden düzülen simfoniki sazy diňläp bolýar. Onuň islendik künjeginde al-gyzyl gülleri synlap, parfýumeriýa sungatynyň iň tebigy nusgalaryny (belki-de ony başgaça aýtmalydyrys, meselem, aromaterapiýa bejergisiniň iň tebigy serişdelerini) kabul edip bolýar. Onuň asuda, erkana, nurana, dostana keşbi ― şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözi bilen aýtsak, «Bagtyň suraty». Hormatly Prezidentimiz 25-nji fewralda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen bolan duşuşygynda häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik ulgamyna girizmek boýunça zerur işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işleriň iň öňdengörüjiliklisi, ýakymlysy, möhümi, ajaýybydyr.