Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde, hakyky halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlar hem onuň aýdyň güwäsidir.
Döwletimiziň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri meýilnama laýyk üstünlikli alnyp barylýar. Şu güne çenli welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, mynasyp dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlandy. Bellige alnan dalaşgärlere Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan degişli resminamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, saýlawlaryň öňýanyndaky ähli çäreler demokratik, aýanlyk, köppartiýalylyk hem-de giň bäsdeşlik esasynda geçirildi.