"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl arzuwlaryndan

— Ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alýan täze ýylymyz il-ýurt bähbitli rowaçlyklaryň ýyly bolar. — Biz täze ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.

Ýyl ýyla badalga

Ýene-de sanlyja günden ajaýyp taryhy wakalary, dünýä ähmiýetli beýik işleri, ýakymly pursatlary, göwün göteriji belent sepgitleri bilen hakydalarymyzda hemişelik yz goýjak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhyň altyn sahypalaryndan orun alar. Döwletimiziň, milletimiziň halkara giňişligindäki şöhratyny has belentliklere göteren bu ajaýyp ýyl bilen hoşlaşyk pursady ýakynlaşdygyça, ýakymly ýatlamalar seriňe köp dolýar. Göwünlere ganat bagladýan ol ýatlamalar Täze ýyly şatlyk-şagalaň bilen mynasyp garşylamaga ruhy joşgun berip, geljek ýylyň mundan-da rowaç boljakdygyna ynamyňy pugtalandyrýar. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna bedew badyny beren 2024-nji ýyl täze ýylda ýetilmeli belent sepgitlere badalga bolar. Tamamlanyp barýan ýylda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde sebit hem-de dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyz has giňedi. Hemişelik Bitarap döwletimiz iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş adamzadyň bähbidini araýan oňyn meselelerde birek-birege ynamdar hyzmatdaşa öwrüldiler. Bitarap Türkmenistan diňe bir öz bähbidini däl, eýsem, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerini nazarlaýan tekliplerdir başlangyçlary yzygiderli öňe sürýän döwlet hökmünde Milletler B

Dünýä türkmenleri gutlaýarlar

Ulynyň-kiçiniň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramçylygynyň bosagamyza gelmegi bilen dünýäniň çar künjeginde mesgen tutan türkmen doganlarymyzdan sanly ulgam arkaly gelýän gutlaglaryň, telefon jaňlarynyň sany artýar. Olar öz gutlaglarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ata Watanymyzyň ähli halkyny Täze ýyl bilen mähirli gutlap, ýurdumyza parahatlyk, asudalyk, gülläp ösüş, halkymyza bolsa saglyk, agzybirlik, bagtly durmuş arzuw edýärler. Şeýle hem dünýä türkmenlerinden gelýän gutlaglaryň her jümlesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata Watanymyzyň bedew batly köpugurly ösüşlerine, ýeten belent sepgitlerine buýsanç duýgusy dolup-daşýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bütin dünýäde giňden bellenýän dabaralaryň hemişelik Bitarap Türkmenistany we türkmen halkyny giň halkara jemgyýetçiligine has ýakyndan tanadandygyny, dünýä halklarynyň döwletimize we milletimize bolan hormatyny artdyrandygyny guwanmak bilen belleýärler.

2024-nji ýyl dünýä türkmenleriniň ykbalynda

Täze ýylyň golaýlamagy bilen dünýäniň çar künjeginde mesgen tutan doganlarymyzdan her jümlesi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklara, watandaşlarymyza bolan ýagşy arzuwlara beslenen gutlaglar sanly ulgam arkaly yzygiderli gelýär. Biz hem olaryň käbirini Täze ýylyň öňýany okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Gurbannyýaz ŞIRMUHAMMET,owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy:

Täze ýyl arzuwy

Täze ýyl Zeminiň ähli ýerinde,Bir-birege ynanylýan ýyl bolsun.Dünýäň çar ýanynda asuda durmuşGaýnap, dost-doganlyk has arşa galsyn! Demir ýollar, howa ýollar, suw ýollar,Ulag ýollar dosta sary uzasyn.Bu ýollaryň ählisi-de gowy ýollarBolup, halklaň ykbalyny bezesin!

Bazarlarda bereket bar

Iş bilen öý aralygyndaky gatnawym Teke bazarynyň üstünden düşensoň, Täze ýyl baýramynyň ýakymly täsirinden kalbyny pürepürleýänleriň ilkinjileriniň biri bolsam gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny jemleýji aýyň ilkinji günlerinden ak bazaryň gözümi dokundyrýan harytlarynyň üstüniň Täze ýyl baýramynyň buşlukçylary bilen ýetirilendigini görüp, çaga sabyrsyzlygy bilen jadylaýjy pursatlara garaşýaryn. Süýjüliklerden dos-doly sowgatlyklar, ertekilerdir multfilmlerdäki gahrymanlaryň keşbindäki lybaslar, dürli ululykdaky täsin arçalar we olaryň bezegi üçin niýetlenen älemgoşar öwüşginli zerler, oýnawaçlar, yşyklar, mahlasy, adyny tutan zadyň bar. Baýramçylyk ruhuny bagyşlaýjy bazara baryp, barha gyzyşýan söwda, bol harytlaryň köpdürlüligine, elýeterli nyrhlaryna guwanyp, her biriniň deňinde biygtyýar, nähili aýak çekenimi-de duýman galýaryn. Ter miweleriň, gök we bakja önümleriniň melul ediji hoşboý müşki-anbary, olaryň gaplamalarynyň, şire suwlarynyň şirin-şekerligi işdä beleň berýär. Şeýle pursatlarda satyjylaryň hoşamaýlyk bilen harytlaryny mazamlamalary-da hoşuma gelýär. Goruny toýlarynda gowzadýan halkymyzyň ýurdumyzyň söwda nokatlarynda dolup-daşmasy — bagtyýarlygyň, eşretli durmuşyň hakykat ýüzünde şöhlelenmesinden bir pursat. Her kim baýramçylyk desserhanyny delje dürli-dümenlerden doldurmak, çagalaryna, ýakynlaryna, dosty-ýaryna sowgatlyklary saýlamak bilen g

Täze ýyl şygyr setirlerinde

Hiç kimsäniň göwün islegin ýykman,Barymyza bar getirer Täze ýyl.Gözel Şagulyýewa. Howlugýarys Täze ýyly görmäge.Howlugýarys ömri öňe sürmäge.Gara Seýitliýew.

Ýagşylygyň hem ýagtylygyň içindäki Täze ýyl

Täze ýyl — dünýäniň ýagşy niýetler bilen garşylaýan ajaýyp senesi. Ata-babalarymyz senenamaçylyk ylmyny hem ýöredipdirler. Geliň, şol ylmyň nukdaýnazaryndan seredip, 2025-nji ýylyň müçenamasyna ser salalyň! Gündogar Ýyldyznamasy boýunça 2025-nji ýyl «Ýylan ýyly» hasaplanýar. Ýyldyznamalarda müçe ýyl hasaby boýunça gelen her ýylyň nähili boljakdygy özüne degişli jandaryň häsiýeti, tebigaty, sany we reňki boýunça kesgitlenýär. Ýylan paýhas ýyldyzynyň aşagynda doglup, häsiýeti boýunça pähim-paýhasly hasaplanýar. Tebigaty boýunça bu ýylan ýyly daragt hasaplanýar. Sany boýunça (2 + 0 + 2 + 5 = 9) dokuzlyk hasaplanýar. Gymmatbaha daşy zümerretdir. Daragt bar ýerinde ýaşyl reňk bolup, reňki boýunça ýaşyldyr. Şoňa görä Ýylan ýyly ýaşaýşyň, dowamatyň ýyly hasaplanýar.

Täze ýyl henekleri

Täze ýyl baýramynyň bosagasynda aýgytlaýjy oýna çykmaga taýýarlanýan hokkeý toparynyň tälimçisi janygyp oýunçylaryny ruhlandyrýar: — Men size ynanýan. Ba-ar gujur-gaýratyňyzy görkeziň-de, bu oýunda ýeňiş gazanyň. Meniň Täze ýylyma ýeňşi sowgat etjekdigiňize birjigem şübhäm ýok.

Gutlaglary

* Goý, 2025-nji ýylda hemmelere bagt, älemgoşar öwüşginli durmuş, oňyn wakalar we ajaýyp pursatlar miýesser etsin! Ähli arzuwlaryňyz hasyl bolup, her kim öz maksadyna ýetsin! * Ýer ýüzünde maşgala baýramy hasaplanýan Täze ýyl adamzat kalbyny mähirden, söýgüden doldursyn. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk her bir ojagyň bosagasyndan asudalyk, abadançylyk, saglyk hem-de bagtyýarlyk gadamy bilen girsin!

Täze ýyl sütüni

* 15-nji dekabrda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň Täze ýyl baýramynyň baş arçasy «Älem» medeni-dynç alyş meýdançasynda oturdyldy. * Täze ýyl gijesinde Gwineýanyň ýaşaýjylary köçelerde öz pilleri bilen aýlanyp, tans edip şatlanýarlar. Haçan-da, piller köçeden geçip barýan wagty olaryň burny haýsy adama degse, geljek ýylda ol kişiniň uly bagta eýe boljakdygyna ynanýarlar.

Täze ýyl däpleri

Täze ýyl bilen bagly her döwletiň, her milletiň özboluşly däpleri bar. Geliň, şol däpleriň käbirleri bilen tanşalyň! — Mikroneziýanyň ilaty her ýylyň 1-nji ýanwaryny öz atlaryny üýtgetmek bilen başlaýarlar. Täze tapan atlaryny bolsa, öz garyndaşlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk hakynda aýdanlaryndan:

— Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. — Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir.

Gutlaýarys!

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni göwün galkyndyryjy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Beýik türkmen Danasynyň ömrüni we döredijiligini watandaşlarymyza hem-de giň halkara jemgyýetçiligine wagyz etmekde, şahyryň bütin adamzada dost-doganlygy, parahatçylygy ündeýän, ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny terbiýeleýän filosofik pikirlerini dabaralandyrmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary örän uludyr. Şol tagallalaryň netijesinde şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bütin dünýäde giňden bellenip, parahatçylygyň dabaralanmasy bolan türkmen paýhasy Ýer ýüzüne ýaýrady. Dürli milletler Magtymguly Pyragynyň gözel şygryýeti bilen tanşyp, türkmen halkynyň kalp gözelligini gördüler. Umumadamzat ähmiýetli ol şygyrlar dünýäniň ruhy hazynasyndan ebedi orun aldylar.

Gahyryman Arkadagymyzyň eserlerinde Bitaraplygyň waspy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserlerinde Watan mukaddesligi, Garaşsyzlyk gudraty, Bitaraplyk bagty, halkymyzyň milli gymmatlyklary, döwletlilik ýörelgeleri pelsepewi garaýyşlar, parasatly pikirlenmeler bilen çeper beýan edilýär. Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Bitarap Türkmenistan», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplarynda öňe sürýän paýhasly pikirleri hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy we agzybirligi, dostlugy we ynanyşmagy berkitmekdäki taryhy ähmiýetini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde tutýan ornuny düýpli açyp görkezýär. Bu gymmatly eserleri okanyňda, baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren eşretlerine, gadyr-gymmatyna has-da buýsanýarsyň.

Bitaraplyk — milli ýörelgämiziň özeni

Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan türkmeniň hemişelik Bitaraplygy onuň milli buýsanjyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygy milletiň ruhy-ahlak kökleri bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň häsiýet aýratynlygyna, däp-dessurlaryna nazar aýlanymyzda asudalygy, abadançylygy dörediji we üpjün ediji milletdigini görýäris. Ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk ýaly oňyn garaýyşlar «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Baky Bitaraplygyň özenini düzýän asylly düşünjeler türkmeniň milli aňynyň özboluşly görkezijisidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir».

Şöhratly geçmiş – milli buýsanç

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen üstünlikli tamamlanyp barýan ýylymyz özüniň guwandyryjy wakalary bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly beýik döwrümiziň taryhyny barha baýlaşdyrýar. Şeýle wakalaryň biri hem Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly nobatdaky kitabynyň okyjylar köpçüligine gowuşmagydyr. Bu waka ähli watandaşlarymyzy juda begendirdi we buýsandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby ylmy-populýar žanrda ýazylyp, özünde örän gymmatly maglumatlary jemleýär. Bu kitapda alym Arkadagymyz türkmen halkynyň şanly taryhy hem-de örän baý milli-medeni mirasy barada ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Taryh hakynda söz açylanda dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýip, uly buýsanç bilen belleýär.

Pelegiň çarhy we ykbaly

Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň döredijiliginde pelek we ykbal hakyndaky temalar halkyň arzuwlary bilen baglanyşyklydyr. Bu sowallar il-halkyň ýagty günlere çykmagyna bolan umyt uçgunlarydyr hem-de akyldarlaryň ýüregini lerzana getiren ynamydyr. Magtymguly Pyragynyň «Dert nedir» atly goşgusynda durmuşyň sowaldan doly dürli ugurlary açylýar. Şahyryň bu goşgusynda döredýän ýüregiň otly örtenmesi okyjynyň hem hyýalyny öz duýgy dünýäsi bilen birleşdirýär. Şahyryň ilki başky iki setirini mysal getireliň: Akyl, göz hem ykbal, iman dördüsi,Jyda galsa, derman nedir, dert nedir.

Halk kalbynyň aýnasy

Medeniýet — halkyň köpasyrlyk geçmişiniň beýany. Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Islendik halkyň Ýer ýüzündäki orny, at-abraýy onuň medeniýeti bilen ölçelýär. Medeniýetiň üsti bilen halkyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty, edermenligi, batyrlygy, ýürek owazy, göwün maksady ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet ulgamy, ol babatda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Medeniýeti ösdürmäge döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Halkymyzyň taryhy gözbaşyndan gaýdyp, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne çenli gelip ýeten ruhy gymmatlyklaryň ählisi «Türkmen medeniýeti» diýen jümlede jemlenýän ýaly. Ol gymmatlyklarda halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, taryhy, gadymy miraslary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby-da artýar. Onuň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Bilguşagym bilimde

Halkymyzyň taryhy köklerini gadymdan alyp gaýdýan örän nepis, owadan, milli egin-eşikleri bar. Olaryň hersi öz ornunda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen milli lybaslary örän özüne çekiji, göze gelüwli. Sebäbi olarda çeper elli zenanlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň elleriniň yzlary, bu sungata bolan yhlasy, söýgüsi bar. Şol milli miraslarymyzyň biri-de bilguşakdyr. Bilguşak matadan taýýarlanylýar, ýüňden dokalýar. Erkek kişileriň bilguşaklary zenan bilguşaklaryndan tapawutly bolýar.