"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin:

Güýzüň öz ornuny sowuk gyşa berýän häzirki günlerinde bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.   Witaminlere baý önümleri iýmeli.

Hormatly okyjylar!

Size 2025-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.

«Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara

Hormatly halkara kinofestiwala gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Belent sarpadan nyşan

Mälim bolşy ýaly, 23-24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Ol döwlet Baştutanymyza «Duslyk» ordenini gowşurdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sylagy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmasy hökmünde kabul etdi we «Goý, bu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin!» diýip belledi. Bu waka dünýä türkmenlerini çäksiz guwanç duýgusyna besledi.  Hormatly Prezidentimiz bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy. Bu abraýly sylag Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletara gatnaşyklarda, halklaryň arasynda abadançylygy, jebisligi pugtalandyrmakda alyp barýan adyl syý

Sebitimiz — ygtybarly zolak

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi juda ýakymly wakalaryň biri boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Galyberse-de, bu wakany ýurdumyzyň daşary syýasy üstünligi hökmünde häsiýetlendirmelidiris. Merkezi Aziýa dünýäniň strategik sebitleriniň biridir. Onuň ýurtlary häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary ösdürmek ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan tagallalar has-da işjeňleşdirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy yzygiderli geçirilýär. Bulardan başga-da, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler Jarnam

Sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletiniň alyp barýan sport syýasatynyň halkara derejede uly goldawa we abraýa eýedigini görkezýär. Söhbedi edilýän möhüm ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2-nji noýabrda Saglyk ýolundan geçmegi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanan türgenlerimizi sport üstünlikleri bilen gutlap, sylaglaryny gowşurmagy teklip etdi. Netijede, bellenilen gün döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu ýoly ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adam paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy.

Watan — ýürek senamyz

Türkmen danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny dünýä jemgyýetçiliginiň giňden bellemegi, hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň Ýer ýüzüniň iň iri guramasy tarapyndan mynasyp goldaw tapyp, abraýynyň barha belende galmagy hem-de abadan ýurdumyzyň ösüşdir özgerişleri bagtyýar ildeşlerimiziň, şol sanda, dünýä türkmenleriniň ata Watana bolan guwanjyny, buýsanjyny, söýgüsini has-da artdyrýar. Olar ýürek kelamlaryny iň şirin sözlerde beýan edip, gazetiň elektron poçtasyna ýollaýarlar. Biz hem gazetiň şu sanynda olaryň birini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Ynsandyr baş gymmatlyk

Mälim bolşy ýaly, 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy. Resminamada müdirligiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünliklerini ykrar edip, ýurdumyzda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigi bellenilýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, daşary syýasatda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk hem netijeli häsiýete eýedir. Bu müdirlik bilen geçen döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek ugrunda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde anyk işler amala aşyryldy. Bu ugurdaky kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.

Bag — barlyk, bakylyk, bolçulyk, bagt

Döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyjy bilen geçen şenbe gününde — 9-njy noýabrda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekiş möwsümine badalga berildi. Bu ählihalk ýowar gününde gözel paýtagtymyzda, sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynyň çar künjünde ýaşajyk nahallar oturdylyp, topraga kök uran baglara ideg işleri geçirildi. Möwsümiň Hasyl toýunyň öňüsyrasynda başlanmagy edermen babadaýhanlarymyzyň hem-de zähmetsöýer, agzybir halkymyzyň kalbyny çäksiz buýsanç bilen pürepürledi. Hemişelik Bitarap Watanymyzda her ýylyň iki, ýagny güýz, ýaz pasyllarynda agaç nahallarynyň millionlarçasyny ekmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň goruny baýlaşdyrmak, tebigy gurşawyň täsiri, iýmitlik, şerbetlik azyk önümleriniň esasyny düzýän dürli, datly miweler arkaly ynsan saglygyny berkitmek we ömrüni uzaltmak asylly däbe, döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda miweçilige ýöriteleşdirilen daýhan birleşikleriniň, kiçi we orta telekeçileriniň köpüsiniň ýerli hem-de toprak, howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan ştil-nahalçylyk, miweçilik bilen meşgullanmaklary, ýetişdiren hasyllaryny ýylyň islendik pasylynda ter ýagdaýda, şeýle-de olary gaplanan, gaýtadan işlenen görnüşlerde amatly bahadan halkymyza ýetirmekleri, dünýä bazaryna çykarmaklary hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň bir görkezijisidir. Olar hem bag ekiş möwsümlerinde miwe

Kino sungaty dabaralanýar

Şu gün paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly açylýar. Onuň açylyş we ýapylyş, baýraklarynyň gowşurylyş dabaralary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Bu sungat baýramçylygynyň çäklerinde «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar. Kinofestiwal 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde, 2022-nji ýylda Bursa şäherinde, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirildi. Festiwalyň netijeleri boýunça «Iň gowy film», «Iň gowy dokumental film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy edebi esasy ýazyjy», «Iň gowy zenan keşbi», «Iň gowy erkek keşbi» ýaly birnäçe ugurlardan baýraklar bellenilendir. Şeýle hem onuň çäklerinde türki medeniýetiň ösmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halypalar hem sarpalanýar.

Änew medeniýetiniň keramika sungat eserleri

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly we şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi we şu ýylyň 27-nji martynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli arheologlar, taryhçylar, gündogary öwrenijiler, professorlar we ýaş alymlar gatnaşdylar. Noýabr aýynyň 16-syna bolsa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy guralar. Gadymy Änew türkmen topragynyň irki medeniýetleriniň mekany hasap edilýär. Bu medeniýeti öwrenmek işi ilkinji bolup amerikan alymy R.Pampelli tarapyndan amala aşyrylýar. 1904-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda Änewiň demirgazygyndaky we günortasyndaky depelerde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

Akyldaryň goşgularynda astronomik düşünjeler

Magtymguly Pyragynyň haýsy goşgusyny okasaň-da, onuň täsirinden uzak wagtlap çykyp bolanok. Bu bolsa akyldar şahyryň eserlerinde adamyň ruhy dünýäsini heýjana getirýän göze görünmez bir güýjüň bardygyny görkezýär. Aslynda, akyldar atamyzyň goşgularynyň her setiri çuňňur mana, ylmy syrlara ýugrulan. Magtymguly atamyzyň özi hem bu barada «Gyş bolar» diýen goşgusynda: Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,Nesihatym uly ile ylymdyr —

Sportda dostlugyň güýji bar

Dünýä türkmenleriniň ata Watany bolan eziz Diýarymyzy häzirki wagtda Ýer ýüzüniň ähli halklary parahatçylygyň, dost-doganlygyň, gülläp ösüşiň, bitewüligiň hemişe dabaralanýan, pugtalanýan ojagy hökmünde ykrar edýärler. Dünýäniň iri guramalary döwletimiziň asylly başlangyçlaryny abadançylyga, adamzat bähbidine gönükdirilen çözgüt bilip oňlaýarlar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan mynasyp bellenilmegi, onuň ebedi mirasyny geljege ýetirmek babatda beýik işleriň amal edilmegi, türkmen paýhasy bolup, dananyň adynyň äleme aýlanmagy-da munuň aýdyň görkezijisidir. Geçen aýyň soňky ongünlüginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümi bolan owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň adybir futzal topary ýurdumyzda myhmançylykda boldy. Topar türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Änew topragynda iki — «Köpetdag», «Senagatbank» hem-de gadymy Merwde bolsa bir, ýagny Mary welaýatynyň futzal ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ilkinji ýoldaşlyk oýny 25-nji oktýabrda Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde guraldy. Onda arkadaşlarymyz ýurdumyzyň «Köpetdag» futzal topary bilen duşuşyp, diýseň gyzykly hem-de çekeleşikli oýun görkezdiler. Netijede, oýun 10:6 hasapda «Köpetdag» futzal toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şunuň bilen baglylykda, «Magtymguly Pyragy» fut

Pederleriň adyl, türkmen!

Dana şahyrymyzyň doglan senesiniň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda her kim akyldar atamyzyň many-maňyzdan ýüki ýetik döredijiligini wagyz edip, dünýä ýaýmakda şahsy goşandyny goşasy gelýär. Biz hem Magtymguly atamyzyň «Bu gün» goşgusy baradaky halk arasynda aýdylýan rowaýaty okyjylara ýetirmegi makul bildik. Bu rowaýaty Gerkez obasynyň Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän, «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň döremegine şahsy goşandyny goşan Durdybike Saparmämmedowanyň gyzlary Oguljeren bilen Ogultuwak eneden eşitdim. Olara hem mähriban käbesi gürrüň beripdir. Durdybike ene bolsa ol rowaýaty ir wagtlar garry gaýynlarynyň we rawyçy oba ýaşulularynyň çaý başynda, toý-tomguda hem-de nesillere aslyňa mynasyp bolmak hakynda berýän öwütlerinden, süýjüdip-süýjüdip edýän söhbetlerinden gulagy ganansoň, onuň hakydasyna berk ornandygyny aýdar eken. Şolaryň biri-de, Buzlypolat serdaryň ömri bilen baglanyşykly.

Hasylly sütün

◊ Tejribeli türkmen daýhanlary şalynyň ýetişmegi üçin azyndan 120 günüň gerekdigini belleýärler. Olar ekiniň 90 gün suw içinde ýatyrylýandygyny, 30 gün galanda bolsa suwy kesilip, hasylynyň bişerine garaşylýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de adaty wagtdakydan aralyk ekin hökmünde ekilýän şalynyň birneme köp tohum talap edýändigini nygtaýarlar. Onuň sebäbini gijräk ekilen şalynyň sowuk suwda ýatýandygy zerarly açylyp ýetişmeýändigi bilen düşündirýärler. ◊ Sogan düzüminde almadan we armytdan has köp tebigy şeker saklaýar. Onuň bir gatynda 6 göterim şeker bar. Ol gowrulanda ilki düzümindäki ajylyk bugarýar we süýji tagama eýe bolýar.

Paýhas ummanyndan

• Daýhan, güýç goşulyp kuwwat güýjüňe,Nur-bereket insin altyn çäjiňe!Gurbanguly Berdimuhamedow. • Ekin meýdanynda yzy bolmadygyň harmanda ýüzi bolmaz.• Daýhandan hereket — ýerden bereket.• Dökün — höküm, harmany köpüm.• Edenli adam topragy altyna öwrer.• Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan.• Almany soý ýere, armydy saý ýere.• Daýhan mert — ýer jomart.• Sepilmedik tohum gögermez.• Sogan seýrek gögerse, düýbi uly bolar.Paýhas çeşmesi.

Tymsallar

SEBÄP Irki döwürlerde bir kerwenbaşy ýekeje ogluny hiç wagt ýanyndan aýyrmandyr. Hatda uzak ýurtlara gidende hem ony ýany bilen alyp gidipdir. Bir gezek kerwen uzak ýurtdan öz Watanyna dolanyp gelýärkä, bir guýynyň başynda ýük ýazdyryp, düşläpdir. Kerwenbaşy ogly bilen kerwendäki adamlaryň arasynda aýlanyp ýörkä horjuny agaç nahallarydyr, tohumlaryndan doly bolan bir ýolagça gözi düşüpdir. Şonda ogly kakasyndan şol nahallardan birini alyp bermegini haýyş edipdir. Soňra ol nahaly guýynyň golaýynda oturdyp, düýbüne suw guýupdyr. Kerwen ýene ýola düşüpdir. Aradan ýyllar geçipdir, oglan ulalypdyr. Ol hem edil kakasy ýaly ökde ýolbelet, kerwenbaşy bolup ýetişipdir. Ençeme ýyllar kerwenleri sag-aman öz menzillerine gowşurypdyr.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin:

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. *Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Hormatly okyjylar!

Size 2025-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.

Döwrümiz — sungatyň gülleýän döwri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeni diplomatiýa uly üns berilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň teatr toparlaryny paýtagtymyzda jemlän II teatr festiwaly hem medeniýetleri baýlaşdyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek maksadyndan ugur alýar. Ol şu ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy. Festiwal sahna sungatynyň wekilleriniň tejribeleri alyşmagy, ýaş teatr artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokarlanmagy üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýurdumyzyň sungat ussatlary özleriniň edebi-çeper çykyşlaryny görkezdiler. Munuň özi ösüşlere beslenýän döwrümiziň döredijilik ruhunyň näderejede belentdedigini äleme äşgär etdi.