Sagdynlygyň we gözelligiň çeşmesi

12 Noýabr 2024
240

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletiniň alyp barýan sport syýasatynyň halkara derejede uly goldawa we abraýa eýedigini görkezýär.

Söhbedi edilýän möhüm ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2-nji noýabrda Saglyk ýolundan geçmegi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanan türgenlerimizi sport üstünlikleri bilen gutlap, sylaglaryny gowşurmagy teklip etdi. Netijede, bellenilen gün döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu ýoly ylgap geçmek boýunça ýaryş guraldy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, 6 müňden gowrak adam paýtagtymyzyň Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy.

Ogulnur ATAJANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň mugallymy.