Mälim bolşy ýaly, 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy. Resminamada müdirligiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünliklerini ykrar edip, ýurdumyzda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigi bellenilýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, daşary syýasatda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk hem netijeli häsiýete eýedir. Bu müdirlik bilen geçen döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek ugrunda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde anyk işler amala aşyryldy. Bu ugurdaky kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.