Bakylyga barýan ýol
Çagalyk döwri her kimiň kalbynda özüniň ýakymly ýatlamalaryny galdyrýar. Magtymguly hem çaga döwürleri özi ýaly oglanlar bilen golaý-goltumdaky dag etegindäki öri meýdanlarda mal bakyp, her dürli oýunlar oýnardylar, matal, erteki aýdyşyp, biri-birlerine halk döredijiliginiň gahrymanlary hakda gyzykly rowaýatlary gürrüň bererdiler. Çagalykdan saýlanyp, ýigit çykan jahyl soňky döwür mahal-mahal öýe, oba sygman, özüniň içki howalasyny basmak üçin keremli daglara seýil etmekligi çykardy. Ezelden Hakdan halatly ýigdekçäniň gursagynda has kämil ylym-bilim almak, dünýäni gezmek, öwrenmek höwesi gaýnap joşýardy. Ine, bu günem ol Hasar dagynyň derelerine çykyp, tebigatyň gözel künjünde özüniň içki oýlaryna gümra boldy: «Bu dünýäde Hudaýyň öýi hasaplanýan metjit-medreselerden soň iň mukaddes ýer, elbetde, ylym-bilim ojaklary hem-de kitaphanalar bolmaly. Aýdyşlaryna görä, ylym öwrenmek oraza tutup agyz beklemegiň, öwrenen ylmyňy il-günüňe ýaýratmak bolsa namazyň deregine geçýärmişin. Ylma hem ylhama eýe bolan adama ylahy dünýä öz gapylaryny giňden açýar. Elbetde, ylym ölçegdir. Çünki bakylyga barýan ýol ylmyň üstünden geçýär. Ylymsyzlyk edepsizlige hem-de nadanlyga ýol açýar. Nadanlyk lybasyny geýen ynsan ýagşylygyň, ýamanlygyň parhyny bilmez. Terbiýesizlik gedemlige, gedemlik bolsa nadanlyga tarap ýol açýar. Bilimsiz adamy nadanlykda aýyplap bolmaz. Çünki bilimsizlik bilen nadanlyk hersi