(Hekaýa)
Alabahar günleridi. Bir gezek işim düşüp goňşymyzyňka bardym. Görsem, ak sakgaly döşüni ýapyp duran perişdesypat Sapar aga agtygy bilen nahal oturdyp duran eken. Men birmeýdan sesimi çykarman, oglanjygyň atasynyň saklap duran nahalynyň düýbüni gömşüni synladym. Onuň pilini nahaljyga degirmejek bolup, seresaplyk bilen çukura gum oklaýşy maňa çaga döwrüm babam bilen erik nahalyny oturdyşymyzy ýatlatdy. Şonda babam tamarkada dört-bäş çukur gazypdy-da, özi nahaljyklary tutup, düýbüni gömmegi maňa tabşyrypdy. Meniň yhlas bilen çukura gum zyňşyma guwanybam şu hekaýaty gürrüň beripdi: