Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň bady bilen öňe barýar.
Eziz Diýarymyzda uly toýlar tutulýar, şanly baýramlar bellenilýär, örän ähmiýetli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi taryhy wakalara öwrülip, türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar hem-de mukaddes Watanymyzyň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýýar. Şeýle möhüm çäreleriň biri hem Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatydyr.