Şypalydyr howasy, suwy — dertleň dowasy

13 Awgust 2024
539

Adatça, tomus paslynyň gelmegi bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň sany görnetin artýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen sanlyja ýylyň içinde ýerdäki jennete öwrülen bu ajaýyp künjek watandaşlarymyzyň, şonuň ýaly-da daşary ýurtly jahankeşdeleriň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Her tomus gözel Awaza dostlukly döwletleriň birnäçesinden çagalar gelip, Hazar deňziniň iň tämiz, ekologiýa taýdan arassa we güneşe baý künjeginde wagtlaryny hoş geçirýärler hem-de saglyklaryny berkidýärler.

Arly ýyllap döwlet durmuşynyň ähli ugurlary boýunça guwandyryjy netijeleri gazanmakda tutanýerli zähmet çekýän ýolbaşçylara-da awgust aýynda zähmet rugsadyny bermek, olaryň «Jahankeşdeligiň merjeni» adyny alan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem Diýarymyzyň çäklerindäki beýleki döwrebap şypahanalarda dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmek indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu däbi şu ýyl hem dowam edip, 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi. Hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakda edýän aladasyna uly hoşallyk bildirýän ýolbaşçylaryň birnäçesi dynç almak hem-de saglyklaryny berkitmek üçin gojaman Hazaryň kenaryny — gözel Awazany saýladylar. Çünki deňizler uly mukdarda ýodlanan suwunyň mineral maddalara baýdygy, ynsan bedenini berkitmekde ähmiýetiniň örän ýokarydygy bilen irki döwürlerden bäri bellidir.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.