Döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi

13 Awgust 2024
93

Mälim bolşy ýaly, 9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu taryhy sapar sebitleýin hyzmatdaşlyga düýpgöter täzeçe çemeleşilmegiň ýolunda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň bu formatdaky duşuşygy syýasy dialogyň özboluşly görnüşi hökmünde ykrar edildi. Ol durnukly ösüş üçin zerur şertleri üpjün etmäge, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy üçin özüne çekiji sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durnukly gurallaryny döretmäge gönükdirilendir. Onda häzirki döwrüň möhüm meselelerini bilelikde çözmek boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmek, sebitde ýakynlaşmagyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, ulag taslamalary, azyk howpsuzlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyklaryň jemleri köpýyllyk hyzmatdaşlyga dowamly itergi bermek bilen, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda: «Biz özboluşlylygymyzy, özbaşdaklygymyzy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalarymyzy saýlamak hukugymyzy gorap saklamak bilen, sebitimizi gülläp ösýän, häzirki zaman ählumumy gatnaşyklaryna çuňňur goşulyşan sebite öwürmegi maksat edinýäris» diýmek bilen, bu bäştaraplaýyn sammitiň ähmiýetine mynasyp baha berdi.

«Türkmen dünýäsi».