Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklardan, aýratyn-da, ýer, suw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň ekologiýa baradaky döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berip, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw baradaky halkara ylalaşyklaryna, konwensiýalaryna goşuldy. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça esasy konwensiýalaryny, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýany, Biodürlülik hakynda konwensiýany, Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýany, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýasyny, şonuň bilen birlikde, suw boýunça konwensiýany tassyklamak bilen, Türkmenistan daşky gurşawy gorap saklamagyň dünýä ähmiýetli meseleleriniň oňyn çözülmegine özüniň işjeň garaýşyny hem-de ekologiýa taýdan durnukly, howpsuz ösüşe ygrarlydygyny iş ýüzünde subut etdi. Bu konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmekde Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazarýaka ýurtlary bilen halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ekologiýa syýasaty diňe bir milli derejede däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Jemgyýetiň ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýagdaýda alyp barmaklyk Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady bolup durýar. Tebigaty goramagyň milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi, bu babatda bellenen anyk wezipelere ýetmeklik halkara guramalary bilen ýakyn gatnaşykda köptaraplaýyn konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň esasynda, giň halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýar.