Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!
Gün şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi wajyp ähmiýete eýedir. Ol az mukdarda adam bedeni üçin, esasan-da, çagalar üçin has zerur. Ultramelewşe şöhlesi adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanylanda ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen adamyň derisi D witaminini işläp çykarýar. Ol bolsa diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, sussupeslikden goraýan oňat serişdedir. Bu witaminiň ýeterlik derejesi beden süňklerini osteoparozdan, sklerozdan, ýagny beden dokumalarynyň keselläp gatamagyndan we iglilikden goraýar. Onuň ýetmezçiligi bolsa parodontoza, birnäçe howply täze döreme kesellerine, beden etleriniň we bogunlarynyň agyrysyna we süýji keseline alyp barýar. Şonuň üçin D witamini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Gün şöhlesiniň ýene-de bir gowy tarapy, birnäçe keseli dörediji mikroorganizmleri ýok edýär. Mundan başga-da, güýçli bolmadyk Gün şöhlesi adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüni oňat duýmagyna ýardam berýär. Şonuň üçin gaty yssy bolmadyk güneşli günlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Yssy günlerde Günden goranmak üçin kelläňize hökmany ak ýaglyk daňmaly, başgap geýmeli, eşikleriňiz açyk reňkli bolmaly. Pasla görä geýinmek, Günden goraýan ýörite äýnekleri dakynmak hem-de köp mukdarda agyz suwuny ýa-da