"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Beýik akyldary hatyralap...

Golaýda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Paýhas bilen dürler saçan Pyragy, adamzat köňlüniň synmaz çyragy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ýerli we daşary ýurtly agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňýanynda oňa gatnaşyjylar Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp gördüler. Gadymy gymmatlyklaryň, milli miraslarymyzyň jemlenen bu ojagynda myhmanlar duz-çörek hem-de çagalar döredijilik toparynyň belent mukamly owazy bilen garşylandy. Soňra muzeýiň işgäri olary bu ýerdäki täsin tapyndylar, eksponatlar bilen tanyşdyrdy. Her bir eksponata uly gyzyklanma bilen syn eden daşary ýurtly türkmenlerde bäş müň ýyllyk ömri bolan ak bugdaýyň dänejikleri, irki döwürlerde ulanylan öý hojalyk gurallary aýratyn täsir galdyrdy. Olaryň käbiri ýaş wagtlary el degirmenini üwäp, käbeleriniň un edişini görendiklerini aýtsalar, başga birleri sokuda özleriniňem däne döwendiklerini gürrüň berdiler. Mahlasy, muzeýde görlen her bir eksponat, edilen her bir gürrüň hemmeler

Magtymguly Pyragynyň özbek ilindäki sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar» diýlip bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýäniň çar künjünde bellenilýän ýylyna öwrüldi. Golaýda Özbegistan döwletiniň Ürgenç, Daşkent şäherlerinde-de bu toý mynasybetli özbek, garagalpak we türkmen Magtymgulyşynaslarynyň gatnaşmagynda birnäçe dabaraly çäreler, halkara ylmy maslahatlar geçirildi. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň, Özbegistan Respublikasyndaky Türkmen medeniýeti merkeziniň guramagynda geçirilen bu çärelere, halkara ylmy maslahata gatnaşanymyzda biz özbek halkynyň beýik türkmen akyldaryna bolan belent sarpasyny görüp, iki doganlyk halkyň gadymdan gelýän gatnaşyklarynyň bu günki gün belent derejelere çykandygynyň ýene bir gezek şaýady bolduk. Türkmen-özbek halklarynyň bu doganlyk gatnaşyklarynyň gün-günden ösmegi — munuň özi iki döwletiň Prezidentleriniň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň miweleridir.

Saçakda ak aşym — müň dertden sagdyr başym

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Çig gaýmak — adyndan belli bolşy ýaly, çig süýdi ýaýmak arkaly alynýan önüm bolup, bu önüm öz düzüminde köp mukdarda süýt ýaglaryny saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Çig gaýmak çalt zaýalanýan önüm, şonuň üçin hem ol özüniň saklanyşynda aýratyn ünsi talap edýär. Süýt ýaglaryny agyr fiziki iş bilen meşgullanýan adamlara, türgenlere iýmeklik maslahat berilýär. Şeýle hem ol ösüp gelýän ýaş çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Ýöne, datly nygmat bolansoň, kä halatlarda onuň köp iýleni hem duýulmaýar. Emma ony aşa köp mukdarda iýmegiň semizlige, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine sebäp bolup biläýmeginiň mümkindigini unutmaly däl. Çig gaýmagy naharyň gapdaly bilen äbermek ýa-da işdäaçarlary bezemekde ulanmak has peýdalydyr. Çig gaýmakdan taýýarlanan tagamlary diňe günüň birinji ýarymynda, ýagny ertirlik ýa-da günortanlyk naharlarynyň ýany bilen saçaga äbermeklik ähmiýetlidir.

Dünýä ýaýylýan medeniýet

Eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýeti, sungaty hem döwrebap ösüşlere beslenýär. Medeniýetiň, sungatyň ösmegi, halkyň ruhunyň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen medeniýeti, sungaty milli däp-dessurlary, amaly-haşam işleri, hoş owazly aýdymlary, mukamlary bilen meşhurdyr. Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Türkmen medeniýeti, sungaty bu günki gün dünýä ýaýylýar. Ýurdumyzda halkara sungat festiwallarynyň, sergileriniň, Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi, şonuň ýaly-da dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara festiwallara, Türkmenistanyň Medeniýet günlerine medeniýet, sungat ussatlarymyzyň gatnaşyp, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmekleri buýsançly bellenilmäge mynasypdyr. Hoş owaza baý aýdym-sazlar ynsan göwnüniň ganaty bolmak bilen, adamlaryň ruhunyň belent, kämil bolmagyna ýardam edýär. Şahyrlarymyzyň döwrümizi wasp edýän şygyrlary, aýdymçydyr sazandalaryň täze aýdym-sazlary döredip halkymyza ýetirmekleri, döwrüň belent ösüşleriniň sungatymyza siňýändigini ýüze çykarýar.

Owgan tilkisi

Owgan tilkisi ýyrtyjylar toparyna, itler maşgalasyna degişlidir. Bu tilkiler ýitme howpuna degişli jandarlardyr. Sebäbi beýleki goňur tilkiler, alajabarslar, bürgütler, hatda hüwüler hem owgan tilkisiniň ýagysydyr. Bu tilkileriň göwresiniň uzynlygy, ortaça, 40-50 santimetre ýetip, gulaklary dim-dik bolýar. Bedeni sarymtyl-akgoňur-çal reňkli bolsa-da, hüžžerilip duran owadan, ýumşak gür tüýi garamtyl öwüsýär.

Halyly sütün

— Türkmen halylary biri-birinden nagyşlary, reňkleriň utgaşygy we dokalyşynyň tehnikasy bilen tapawutlanýar. Birinji topara ahalteke halylary girip, olar bir argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 240 — 340 müň we şondan-da köp çitimden durýar. Ikinji topara iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 220 — 340 müň we şondan-da köp çitimden ybarat bolan teke, pendi halylary girýär. Iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 174 — 232 müň we şondan-da köp çitimli ýomut, çowdur halylary üçünji topara degişlidir. Dördünji toparda iki argaçly, syk dokalan: 1 inedördül metri 156 — 200 müň hem-de ondan köp çitimli gyzylaýak, Kerki, beşir halylaryny görkezmek bolar. Şekilli we ýüz keşpli haly önümleri hem aýratyn bir topardyr.

Hemmämiziň borjumyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ýangynlaryň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar: * Ösüp oturan daragtlaryň arasyny haşal otlardan arassalamaly, hatar aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolaklaryny döretmeli. Olar ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga uly ýardam edýär.

Hormatly okyjylar!

Size 2024-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini ýatladýarys. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.

Döwrebap senagat kärhanasy

Düýn döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda döwrebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berildi. Ol halkymyzy guwandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Bedew bady bilen ösýän, özgerýän döwletimiziň bu iri senagat kärhanasynyň kuwwatlygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply. Zawodyň gurluşygynyň ikinji tapgyryna 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdi. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Beýik bina» hususy kärhanasy alyp bardy. Köpetdagyň eteginde bina edilen kärhanada 48 sany desga bolup, uly bir topluma öwrüldi. Gysga wagtda şeýle iri kärhananyň gurlup ulanmaga berilmegi döwletimiziň gurplulygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, halallygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan zawodda sementiň has ýokary hilli görnüşleri öndüriler. Netijede, ata Watanymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hili has-da ýokarlanar. Bu kärhananyň ikinji tapgyrynyň açylmagy bilen 250-ä golaý täze iş orunlary hem döredildi. Olaryň aglaba böleginiň sanly ulgamdan kämil baş çykarýan ýaşlar bolmagy has-da buýsandyryjydyr.

Hakydada galanlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda külli türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde kynçylykly, gowgaly döwürde tylda zähmet çeken nurana zenanyň, 103 ýaşly Ejegül Atajanowanyň hakydasyna möhürlenen ýatlamalaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik: — Ynsany ýatlamalary hem ýaşadýan eken. Meniň dünýä inen mekanym Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşigi bolsa-da, häzirki ýaşaýyş ýerim bu etrabyň «Bereketli» daýhan birleşiginde. 103 ýaşa ýetenime däl-de, şular ýaly asuda, ösüşli döwürde ýaşaýanyma begenýän.

Ruhy hazyna

— Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. — Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr.

Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlyklarymyzdyr. Adamy jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyzyň binýatlyk ýörelgelerinden ugur alyp, belentde parlaýan ýaşyl tugumyzyň saýasynda eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy we şeýle mukaddes işler depginini gowşatman dowam etdirilýär. Konstitusiýa döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr, şeýle hem ol döwletiň tutuş hereket edýän kanunçylygynyň esasgoýujy binýadydyr. Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözünden emele gelip, «gurmaklyk, dikeltmeklik, döretmeklik» diýen manylary aňladýar. 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi şeýle hem şol ýylyň 18-nji maýynda milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadynyň pugtalandyrylmagy gazanyldy.

Medeniýet — köpugurly ösüşleriň ruhlandyryjysy

Turuwbaşdan uly üstünliklere, göwünleri ganatlandyryjy şatlykly wakalara beslenip başlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýy hem halkara giňişliginde berkarar döwletimiziň abraýyny has arşa göterjek wakalara baý bolar. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza bu aýda eziz Watanymyzyň dürli künjeginde gurlup, dabaraly açylyşy meýilleşdirilýän ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly binalardyr desgalaryň barmak büküp sanardan köpdügi esas berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň miwesi bolan şol binalardyr desgalaryň ýönekeýje sanawy-da ep-esli bolansoň, häzirlikçe üstümizdäki aýda diňe paýtagtymyzyň çäginde dabaraly açylmagy meýilleşdirilýän käbir desgalary ýatlamak bilen çäklenmegi makul bildik. Köpetdagyň gözel gerşini bezejek «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, Arçabil şaýolunyň ugrundaky durky täzelenen Baş baýdak meýdançasy, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky 2 gatly ýaşaýyş jaýlary, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesi we Atamyrat Nyýazow şaýoly aralygyndaky böleginde durky täzelenen suw çüwdürimleri, Bagtyýarlyk etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desga, Seýdi köçesiniň ugrundaky Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkezi di

Parahatçylygyň belent ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkara derejesindäki şan-şöhraty arşa galýar. Şeýle taryhy döwürde Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar joşgunly ýüreklere ylham berýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň aglabasy Bitaraplyk we parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolup, dünýä halklaryny parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamaga çagyrýan syýasy üstünlikdir.

Kämil bilim ulgamy

Häzirki bagtyýar döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ählitaraplaýyn kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky yzygiderli aladasy netijesinde bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan-da, bilim bermekde sapaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi. Olaryň hatarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýaly wajyp resminamalar bar. Bu möhüm maksatnamada bilim ulgamynyň hem yzygider ösüşi, sanly ulgamyň döwrebaplygy aýratyn orun tutýar. Bular öz gezeginde, sanly ykdysadyýet we sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bulardan ugur alnyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem okadylýan sapaklar boýunça talyp ýaşlara berilýän maglumatlar dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli esasda baýlaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi häzirki döwürde ýurdumyzda toplumla

Ulag-üstaşyr geçelgesi — dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler, umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem halkara we sebitara guramalarynyň çäginde özüniň ulag-kommunikasiýa babatdaky halkara başlangyçlaryny öňe sürüp gelýär. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir hem-de awtoulag ýollary, deňiz-derýa, şeýle-de howa ýollary boýunça döwrebap üstaşyr ulag geçelgeleri emele gelýär. Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu taslamalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Asuda durmuşyň gadyry

Beýik Ýeňşiň gadyr-gymmaty halkymyz üçin belentdir hem beýikdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş — köpsanly halklaryň bilelikdäki ýeňşidir. Nägehan uruşda türkmen ýigitleri hem gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Watanyň asudalygy, il-günüň rahatlygy, ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy ugrunda göreşen gahrymanlar halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýarlar. Bu günki gün asuda asmany, parahat Zemini hemra edinen eziz Diýarymyzda olaryň mertebesi belent tutulýar, atlary taryh gatlaryna siňen gerçekler ebedileşdirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramy uludan bellenip geçilýär. Aradan ençeme ýyllar geçse-de, Watan üçin göreşen gahrymanlar adamlaryň hakydasynda baky ýaşaýar. Watançylyk ruhuna ýugrulan uruş ýyllarynyň wakalaryny ýatlamak kyn. Şeýle-de bolsa, ony ýatlamak, ýaş nesilleriň kalbynda Watanyň gadyryny bilmek, Watan mukaddesligini sarpalamak ýaly ýagşy häsiýetleri kämilleşdirmek möhüm bolup durýar.

«Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere»

Halal ýaşamak düzgüni türkmeniň bütin taryhy durmuşynda mukaddes ýol bolup, ata-babalarymyzyň kalbyna, ýüregine, ruhuna siňipdir. Türkmen halky taryhynyň bütin dowamynda adamyň öz nebsine buýrup bilmekligine, nebsewürligine garşy durup gelýär. Şoňa görä-de, betnebislik, nebsiňi öňe düşürmek, nebsiň guluna öwrülip ynsabyňy ýitirmek, umuman, nebis bilen baglanyşykly düşünjeler türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde, durmuş pelsepesinde esasy orny eýeleýär. Magtymguly Pyragy hem öz döredijiliginde nebis meselesine aýratyn üns beripdir. Muňa şahyryň: Nebis aýdar: urgun, bu bir hözirdir!Janyň aýdar: haý-haý, Taňry häzirdir,Sen görmeseň, ol-ha saňa nazyrdyr,Utangyn, eýmengin, goýgun bu işi!

Köňlümiň ýoly

Kysmat olmaz, gidem uzak ýollara,Nesip goýmaz, gider ýolum baglar, heý!Haýran, Mejnun bolup çykam çöllere,Baryp mesgen tutam sizi, daglar, heý! Akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň bu dürdäne setirlerini gaýta-gaýta okanymda ruhum her gezek täzeden galkynyp, süňňüm ýeňleýär. Şol pursat tebigatyň hem, ynsanyň hem zehin eleginden çykan gözelliklerden öz paýymy almaga howlugýaryn. Şonda özümiň hem eziz Watanymyzyň dagyna, bagyna, sährasyna — bütin tebigat eserine bolan çäksiz söýgimiň Mejnunyň Leýlä bolan yşkyna öwrülip barýandygyny syzýaryn. Şonuň üçin eždatlarymyzyň «Derdiň içiňe sygmasa, akar suw bilen gürleş. Özüňe gelersiň» diýenlerine gulak asyp, tas özümden daşlaşyp barýan özümi sakladym. «Begenjiňi, şatlygyňy daglar bilen paýlaş. Dostlaryňy ýene bir gezek ýakyndan tanarsyň» diýenlerini berjaý edenimde-de, şükür, ýanym ýere degmedi. «Bir gün hiç zatdan we hiç kimden teselli tapmadyk çagyň sähra seýle çyk. Hakykata göz ýetirersiň» diýmekleriniň sebäplerini ýuwaş-ýuwaş agtaranymda-da, ynamym hiç puja çykmady. Bu duýgy-düşünjeler gitdigiçe serimi durlady. Bu akyp barýan ömrümiň, köňlümiň ýoluny ýüpsüzje dana atam Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna baglady. Bir akyldaryň: «Dostlaryňdan haýsydyr biri ahlak gatnaşygynda senden kem galaýsa, ondan daşlaş» diýen pendi häli-şindi gulagymda ýaňlansa-da, men köňül ussadym Magtymguly Pyragynyň:

Saçakda ak aşym — müň dertden sagdyr başym!

Süýt we süýt önümleri — adam bedeni üçin öwezini dolup bolmaýan hökmany iýmitlerdir. Bu önümler berhizlik häsiýete hem eýedirler. Süýt we süýt önümleri adam bedeni üçin gerek bolan belogyň, mikroelementleriň, witaminleriň şeýle hem iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemekligi üçin hökmany bolan süýtturşy mikroorganizmleriň çeşmesidir. Esasan hem gartaşan adamlar we körpejeler üçin gündelik iýmitlenişde süýt önümleriniň bolmagy hökmanydyr. Sebäbi ýakymly tagamly bu iýmitler ýeňillik bilen siňýär we çalt özleşýär, düzüminde peýdaly maddalary köp saklaýar hem-de esasy tagamlaryň ýerini tutmaga ukyply bolup durýar. Süýt — çalt zaýalanýan önüm, ýagny bişen süýt diňe sowadyjy enjamda saklanmaly we bir günden köp saklamaklyk maslahat berilmeýär.