Asuda durmuşyň gadyry

7 Maý 2024
392

Beýik Ýeňşiň gadyr-gymmaty halkymyz üçin belentdir hem beýikdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş — köpsanly halklaryň bilelikdäki ýeňşidir. Nägehan uruşda türkmen ýigitleri hem gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Watanyň asudalygy, il-günüň rahatlygy, ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy ugrunda göreşen gahrymanlar halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýarlar. Bu günki gün asuda asmany, parahat Zemini hemra edinen eziz Diýarymyzda olaryň mertebesi belent tutulýar, atlary taryh gatlaryna siňen gerçekler ebedileşdirilýär.

Ýurdumyzda her ýylyň 9-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýramy uludan bellenip geçilýär. Aradan ençeme ýyllar geçse-de, Watan üçin göreşen gahrymanlar adamlaryň hakydasynda baky ýaşaýar. Watançylyk ruhuna ýugrulan uruş ýyllarynyň wakalaryny ýatlamak kyn. Şeýle-de bolsa, ony ýatlamak, ýaş nesilleriň kalbynda Watanyň gadyryny bilmek, Watan mukaddesligini sarpalamak ýaly ýagşy häsiýetleri kämilleşdirmek möhüm bolup durýar.

Jennet ALLANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.