Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkara derejesindäki şan-şöhraty arşa galýar. Şeýle taryhy döwürde Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar joşgunly ýüreklere ylham berýär.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň aglabasy Bitaraplyk we parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolup, dünýä halklaryny parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamaga çagyrýan syýasy üstünlikdir.