Köne eşik

9 Iýul 2024
495

(Gülkili kyssa)

Biz çagakak ejem geýlip ýyrtyp ýetişmedik eşiklerimizi «Jigiň geýer» diýip, düwünçege düwüp, ýygnap goýardy. Olaryň käsini soň jigim geýse geýerdi, köpüsi bolsa düwünçekden çykman galardy. Onsoň, ejemiň sandyklarynda ýyllarboýy düwni açylman duran düwünçekler kändi. «Gaýyn bilen gelniň topragy bir ýerden alynýar» diýleni çyn ekeni. Meniň maňlaýymdan çykanam edil ejem ýaly köne zady zyňmaga dözmeýänlerden boldy. Olam meniň eşiklerimiňem, öz eşikleriniňem, çagalarymyzyň eşikleriniňem geýlip ýyrtylmadyklaryny «Soň gerek bolar» diýip, düwünçeklere düwüp, sandyga salyp, saklap ýör. Ejemden galan düwünçekleriň ýanyna aýalymyň düwünçeklerem goşuldy-da, indi öýdäki sandyklara başga hiç zat sygmaýan bolaýdy.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.