Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Munuň özi sebit derejesinde strategik hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleriniň kesgitlenilmeginde ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiz bu ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Bu duşuşyklaryň jemleri köpýyllyk hyzmatdaşlyga täze itergi bermek bilen, sebitiň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň bu formatdaky duşuşygynda häzirki döwrüň meselelerini bilelikde çözmek boýunça döwletara gatnaşyklary ösdürmek, sebitde ýakynlaşmagyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi, ulag taslamalary, azyk howpsuzlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.