Şypahana — gurbat jana

27 Awgust 2024
537

Biziň ýurdumyzyň çäklerinde dürli sökellikleri bejermekde ähmiýetli mineral suwly çeşmeleriň juda köpüsi bar. Olar üç görnüşe — «ýörite goşantsyz» mineral suwlara; ýodlaşdyrylan, bromly, ýod-bromly suwlara we içmek hem-de wanna üçin niýetlenen sulfid mineral suwlara bölünýärler. Ylmy maglumatlara görä, türkmen topragyndaky şeýle çeşmeleriň sany 300-den geçýär. Olaryň 120-den gowragynyň suwunyň düzümi bolsa hünärmenlerimiz tarapyndan doly öwrenildi diýip bileris. Galanlaryny hem düýpli öwrenmek, zerur hasap edilenlerinde döwrebap şypahanalary gurup, halkyň hyzmatyna bermek babatda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Mukaddes türkmen topragy ynsan saglygyny dikeltmekde hem-de gorap saklamakda ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýär. Dürli dermanlyk ösümliklerini, palçyklaryny, tebigy-howa aýratynlyklaryny aýtmanyňda-da, diňe melhemlik suwly çeşmelerimiziň özem biziň ýurdumyzy bütin dünýäde şypahana-bejeriş mümkinçiligi babatda öňdäki orunlara çykarar. Geljekde derde dowa suwy bilen eýýäm il içinde adygan Garaçagyl, Gaýnarbaba ýaly çeşmeleriň, şeýle-de Köpetdagyň, Köýtendagyň, Sünt-Hasar dagynyň bejerijilik häsiýetli täsin çeşmeleriniň, Garagum, Bathyz sähralarynyň mineral suwly ýerasty ýataklarynyň hem bejerijilik häsiýetleriniň ylmy esasda düýpli öwrenilip, halkyň sagdyn durmuşynyň hatyrasyna gönükdiriljekdigine, olaryň birnäçesinde zamanabap şypahanalaryň guruljakdygyna hiç hili şübhelenmese bolar.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
«Türkmen dünýäsi».