"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Şorta sözüň ussady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp üstünlikleri we ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan uly işleri, tutumly başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň döredijilik däplerini dowam etdirip, baý medeni mirasyny giňden wagyz edýän we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döredýän ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň çekýän zähmetine uly baha berýär. Çünki türkmen halkynyň medeni ösüşinde edebi mirasymyzyň uly ähmiýeti bar. Şeýle edebi mirasymyzyň biri hem halkymyzyň dilinden düşmän, biziň şu günlerimize gelip ýeten Ependi hakyndaky şorta sözlerdir. Çeper söze gadyr goýýan, şahandaz, dana pederlerimiz «Kinäni söz açar», «Süýji söz — baldan artyk» ýaly ajaýyp nakyllary döredipdirler hem-de şorta sözleri aýtmak arkaly göwnüçökgünligi aradan aýrypdyrlar. Halkymyz parasatly, şahandaz, wäşi adamlaryň pähim-paýhasyna ýugrulan sözlerini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Biz muny halk döredijilik eserlerimiz bolan nakyllaryň, şorta sözleriň, ertekileriň, dessanlaryň, nusgawy edebiýatyň görnükli wekilleriniň şahyrana eserleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýer ýüzünde pähim-paýhasy, wäşiligi, dilewarlygy bilen meşhur bolan molla Ependiniň şorta sözleri hem dürli toý-baýramlaryň bezegine öwrülipdir.

Saglykly sütün

◊ Golaýda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň: tüwüli, tüwüli we bananly, manny ýarmasy we ary bally, däneli ösümlikleriň şüleleri ýaly görnüşlerini taýýarlamak işi ýola goýuldy. ◊ Jadygöýler, şamanlar, porhanlar, derwüş-diwanalar, bagşy-ozanlar ilkinji lukmanlardyr. Olaryň tansa meňzeş dürli hili geň hereketleri, şeýle-de täsin sesleri çykarmaklary bilen hassanyň keselini kowýandyklaryna ynanylypdyr.

Supra ýaraşygy — myhman

Halk hökmünde kemala geleli bäri myhmanparazlyk türkmeni bezeýän iň gowy häsiýetleriň biridir. Şeýle bolansoň, halkymyz myhman barmaýan öýi asla halamandyr. Ony «Gorkut ata» kitabyndaky «Myhman gelmeýän gara öýler ýykylsa ýeg» diýlen jümle aňryýany bilen subut edýär. Ýöne nätjek, ilçilik, ýek-tük myhman kabul etmegi halamaýanlar hem tapylýar. Bu barada rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: bir gyz özüne aşyk ýigidiň öňünde türkmeniň aňyna-oýuna gelmejek şerti goýýar. Ol şerte görä, durmuş guranlaryndan soň ýigit öýüne hiç haçan yzyna adam tirkäp gelmeli däl. Elbetde, şert ýöne-möne şert däl. Onuň üçin, birinjiden, milletiň myhmansöýerlik häsiýetinden ýüz öwürmeli. Ikinjiden bolsa, erkinligiňi elden giderip, ilkinji günden jylawyňy keýwanyň eline bermeli. Bu şertler hernäçe kynam bolsa, gyzy ýürekden söýen ýigit ony duluna geçirensoň terbiýelärin diýen umyt bilen razylaşýar. Şeýdip, olar toý tutýarlar.

Nusgawy şahyrlaryň nesihatlaryndan

Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan. Ümsüm otur, halk içinde sözleme,Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy!                                               Magtymguly

«...Hasta bolmazdan burun»

Sagdyn bolmak, köplenç ýagdaýda, biziň özümize bagly. Eger-de keseliň öňüni alyş çärelerini dogry we doly berjaý etsek, sagdyn boljagymyz ikuçsuzdyr. Şeýle bolansoň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen pendini özüne durmuş ýörelgesi edinen adam sag hem ruhubelent ýaşar. Güýz paslynyň gelmegi bilen howa salkynlap ugraýar. Şoňa görä, ýiti respirator wirus keselinden goranmak üçin pasla görä geýnip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Kadaly iýmitlenip, gerekli mukdarda witaminleri, minerallary, beloklary, uglewodlary, ýaglary kabul etmeli. Munuň üçin günüň dowamynda gök we bakja önümlerini, ir-iýmişleri, galla önümlerinden we kösüklilerden gaýnadylyp ýa-da buglanyp bişirilen naharlary, et we süýt önümlerini iýmeli.

Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlandy

Golaýda TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramagynda «Hormatly ýaşulularymyz türkmen ýaşlary üçin mukaddes mekdepdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Toý mekany medeni-dynç alyş merkezinde guralan dabara etrabyň mährem eneleriniň, aksakgal ýaşulularynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Aýdym-sazly çäräniň başy etrap Medeniýet öýüniň şirin owazly bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde ussat şahyr Magtymguly Myşşyýewiň «Garrylar gerek» şygryna döredilen ady bir aýdym diňlendi. Türkmen ýaşulularynyň parasatlylygyny, agraslygyny hem-de mähribanlygyny hyýallarda janlandyrýan bu ajaýyp aýdym dabara özboluşly öwüşgin çaýyp, oňa gatnaşyjylaryň göwünlerini göge göterdi. Soňra Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäresi many-maňyzly çykyşlar bilen utgaşdy. Olarda hemişelik Bitarap döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda amal edilýän beýik işler, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşulularymyzyň sarpasyny belentde tutuşy joşgunly kelamlaryň çelgisine öwrüldi.

Watan — bagtyň sakasy

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň ýakymly pursatlarynyň ähli halkymyzyň, dünýä türkmenleriniň hakydasyna dolan günlerinde, ata Watanymyzyň çar künjünde üstünlikli geçen Baş baýrama hem-de tutuş ýylyň dowamynda doglan gününiň 300 bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, dürli döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat hem-de dabaraly çäreler geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýakymly pursatlary bilen ençeme ynsanyň hakydasyna berçinlän şeýle dabaraly çäreleriň biri-de geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet akademiýasynda boldy. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen Danasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy. Taryhy döwürlerde ýüze çykan dürli sebäplere görä, ata-babalary eziz Diýaryndan alyslarda mekan tutunyp, şol ýerlerde öý-ojak edinen dünýä türkmenlerini her ýyl ata Watanda bir supranyň başynda jemleýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky dabaraly maslahaty guralýar. Milli söýgini dabaralandyrýan bu maslahatyň Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda bellenilmeginiň özboluşly manysy bar. Onda dünýä türkmenleriniň wekilleri taryhy ata Watanlarynda bir supranyň başynda jemlenýär we döwletimiziň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, Garaşsyzlygynyň toý

Türkmen tebigaty waspyň dillerde

Hormatly Prezidentimiziň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyrygy esasynda geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda ýylyň dowamynda yglan edilen birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ol Baş baýram — döwlet özbaşdaklygynyň 33 hem-de dünýä akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň birine öwrüldi. Onda «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ýylyň başynda bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.  Dabaraly çärä döredijiligi hemra edinip, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, bagtyýar ýaşlarymyz, medeniýet we sungat ulgamynyň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy hem-de köpçülikleýin agzalary, halypa žurnalistler, ýazyjydyr şahyrlar gatnaşdy. Turuwbaşdan, şowhuna beslenen çärede birnäçe çuň many-mazmunly çykyşlar boldy. Olarda türkmen danasynyň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň dürdäne setirlerinde we tutuş süňňünde ýokary çeperçilik serişdeleri bilen beýan edilen düýe ýaly harsaň daşly daglarymyz, halkymyzyň göwni kimin giň sähramyz, ylh

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!Mähriban doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Maslahatly il myrada ýeter

Berkarar döwletimizde her ýyl Baş baýramymyzyň öňýany Halk Maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň şatlyk-şagalaňly dabaralarynyň bütin ýurdumyzy gurşap alan ajaýyp günleriniň birinde, ýagny 24-nji sentýabrda gözel paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Turuwbaşdan, Halk Maslahatynyň mejlisiniň örän netijeli hem üstünlikli geçendigini bellemek isleýäris. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, geçen döwürde Halk Maslahatynyň alyp baran işleri, döwletimiziň il-ýurt bähbitli içeri we hoşniýetli daşary syýasaty, daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlar, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri hakynda aýtdy. Döwletimizi has-da gülledip ösdürmek, halkymyzy mundan-da bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşatmak maksady bilen öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin hemmeleriň kalbynda Watana bolan beýik söýginiň, agzybirligiň, jebisligiň, zähmetsöýerligiň gaýnap-joşmalydygyny nygtady.

Didarlaşmak—Döwletlilik

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, has takygy, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Oňa Birleşigiň daşary ýurt we ýerli bölümleriniň agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we žurnalistleri gatnaşdylar. Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi (DTYB) 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda döredilýär. Şondan bäri hem bu Birleşik daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işini üstünlikli alyp barýar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadag, Gahryman Serdar, Dünýä türkmenleri size buýsanýar!

Ykbalyň emri bilen duz nesibesi çet ýurtlara çeken arkadaşlarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi özlerini dag ýaly ata Watanly, howandar Hossarly eden esasy baýram hökmünde belleýärler. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleri bu baýramçylygyň çäginde dürli medeni çäreleri gurap, maslahatlary geçirip, Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine edýän maddy we ruhy goldawlary, ynsanperwer kömekleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk kelamlaryny zybana getirýärler. Şeýle bolansoň, Baş baýramymyzyň bosagasynda kalby ata Watana bolan söýgüden pürepür goňşy ýurtly doganymyzyň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Döwürleriň danasy

Magtymguly Pyragy ili-güni barada, şol bir wagtda, öz Watanynyň geljegi hakynda alada eden beýik şahyrdyr. Ol öz döredijiligi arkaly halky agzybirlige, bir döwletlilige çagyrypdyr. Onuň sözleri biziň her birimiz üçin öwüt-ündew, pendi-nesihatdyr. Magtymguly — edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň, arassa ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň ebedi mekdebini döreden beýik akyldar. Ol barada balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew: «Pyragynyň süýji setirleri bize iki asyr aşyp ýetdi. Onuň setirleri indi köpleriň söýgüsine eýe boldy. Magtymguly, hakykatdan-da, beýik şahyr bolupdyr. Biziň halkymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elbrus dagy bilen deňeşdirilýär. Men hem Magtymgulyny we onuň poeziýasyny şol belent dag bilen deňeşdirýärin. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl, eýsem, dünýä poeziýasynyň hem Elbrusy hasap edýäris» diýse, awar şahyry Resul Gamzatow: «Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime etmek bilen, poeziýa äleminde şeýle ägirt adamyň türkmenlerdedigine göz ýetirdim» diýipdir. Bu bahalardan soň, Gahryman Arkadagymyzyň: «Millet öz dünýä çykaran beýik şahsyýetleri bilen beýikdir» diýen sözleri hakydaňa dolýar. Magtymguly öz döwründe dünýä ylymlaryndan gowy baş çykarypdyr. Munuň şeýledigine onuň döredijiligi bilen içgin tanşanyňda göz ýetirýärsiň. Onuň agzybirlik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk, mertlik, jomartlyk ýaly mowzuklardan ýazan goşgulary dünýä ş

Pyragyny wagyz eden ulama

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Talyplyk ýyllarynda halypasy Ebul Fazylyň dogumly, zähmetsöýer, iňňän ýiti zehinli, parasatly hem ylym-bilimiň jümmüşine aralaşan Abytnazara syny oturýar. Şoňa görä-de, ol şägirdiniň has-da kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berip başlaýar. Oňa diňe şerigat kanunlarynyň hukuk esaslaryny öwredýän «Muhtaser» ylymlaryna degişli eserleri däl, eýsem, has ymykly özleşdirmegi talap edýän astronomiýa — pelekşynaslyk, ösümlik we haýwanat dünýäsi, pelsepe, logika — mantyk, ritorika — sözleýiş medeniýeti, himiýa, matematika, algebra ýaly derslerden çuň düşünjeleri berýär. Abytnazar bu abraýly medresede ussat halypanyň ýardam bermeginde arap, pars, türki dillerini suwara bilmegiň ýokary derejelerine eýe bolmagy başarýar. Tiz wagtda üşükli hem zähmetsöýer şägirt talapkär halypasynyň ynamyny aňryýany bilen ödeýär. Hususan-da, okuw geçilýän mahaly, Abytnazardan islendik sowala jogap soralanda ol sowalyň diňe nazaryýet esaslaryny aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, öz sözüni dilinde nesiller aşyp gelýän paýhasly jümleler, atalar sözleridir nakyllar, alymlaryň bu ugurda eden açyşlary bilen tekrarlap jemläpdir.

Arkadagly Gahryman Serdary bar türkmeniň

Asuda Watanmyzyň Galkynyşly döwründeArkadagly Gahryman Serdary bar türkmeniň.Bagtyýar ynsanlaryň ýüreginde, göwnünde,Arkadagly Gahryman Serdary bar türkmeniň. Ýurt parahat, abadan, il-günümiz salamat,Biribar nazar salyp, eçilip du:r sahawat,Gahryman Arkadagyň dowamaty dowamat,Arkadagly Gahryman Serdary bar türkmeniň.

Soňky sütün

—1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny «Ýaşulularyň Halkara güni» diýip yglan etdi. Berkarar döwletimizde hem indi birnäçe ýyldan bäri bu Halkara gün döwlet derejesinde bellenilýär. — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 60-75 ýaşy — irki ýaşululyk; 75-90 ýaşy — giçki ýaşululyk; 90-dan ýokary ýaşy uzak ömür diýip üç basgançaga bölýär.

«Saglygyň gadryny bilgil... »

*Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. *Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Umumytürkmen maslahaty geçirildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik Guramalary merkeziniň mejlisler zalynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahaty geçirildi. Oňa Birleşigiň daşary ýurt bölümleriniň wekilleri, ýerlerdäki şahsy we köpçülikleýin agzalary, ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik, medeniýet... ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän ildeşlerimiz hem-de talyp ýaşlarymyz gatnaşdy.

Halk maslahaty — döwletiligiň milli binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýy ýylsaýyn belende galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, şeýle hem ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki zaman türkmen jemgyýetini dünýä siwilizasiýasynyň belentliklerine galdyrmak maksady bilen durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli ösüşe badalga berildi. Taryh üçin gysga döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Garaşsyzlyk – dünýä dolan şöhratym

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we çuňňur pähim-paýhasly syýasaty esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen köpugurly ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatynda dünýäniň iň öňdebaryjy döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň beýik tutumlary ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalarda birin-birin beýan edilýär. Şol maksatlara ýetmekde biziň döwlet Garaşsyzlygymyz her birimize güýç-kuwwat, egsilmez gujur-gaýrat berýär. Hormatly Prezidentimiziň ideýalary milletimizi ruhlandyryp duran ajaýyplyk bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň hereketlendiriji güýjüdir. Milleti ruhlandyrýan, kämilleşdirýän hem-de ajap-ajap işleri, beýikden-beýik maksatlary amal etmäge iterýän güýje mukaddeslik hökmünde garap bolar. Şu nukdaýnazardan, şanly Garaşsyzlygymyz ähli türkmen üçin mukaddeslikdir.