Pyragyny wagyz eden ulama

24 Sentýabr 2024
443

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Talyplyk ýyllarynda halypasy Ebul Fazylyň dogumly, zähmetsöýer, iňňän ýiti zehinli, parasatly hem ylym-bilimiň jümmüşine aralaşan Abytnazara syny oturýar. Şoňa görä-de, ol şägirdiniň has-da kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berip başlaýar. Oňa diňe şerigat kanunlarynyň hukuk esaslaryny öwredýän «Muhtaser» ylymlaryna degişli eserleri däl, eýsem, has ymykly özleşdirmegi talap edýän astronomiýa — pelekşynaslyk, ösümlik we haýwanat dünýäsi, pelsepe, logika — mantyk, ritorika — sözleýiş medeniýeti, himiýa, matematika, algebra ýaly derslerden çuň düşünjeleri berýär. Abytnazar bu abraýly medresede ussat halypanyň ýardam bermeginde arap, pars, türki dillerini suwara bilmegiň ýokary derejelerine eýe bolmagy başarýar. Tiz wagtda üşükli hem zähmetsöýer şägirt talapkär halypasynyň ynamyny aňryýany bilen ödeýär. Hususan-da, okuw geçilýän mahaly, Abytnazardan islendik sowala jogap soralanda ol sowalyň diňe nazaryýet esaslaryny aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, öz sözüni dilinde nesiller aşyp gelýän paýhasly jümleler, atalar sözleridir nakyllar, alymlaryň bu ugurda eden açyşlary bilen tekrarlap jemläpdir.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.