Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, has takygy, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Oňa Birleşigiň daşary ýurt we ýerli bölümleriniň agzalary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we žurnalistleri gatnaşdylar. Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi (DTYB) 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda döredilýär. Şondan bäri hem bu Birleşik daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işini üstünlikli alyp barýar. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.