Şorta sözüň ussady

8 Oktýabr 2024
404

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp üstünlikleri we ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan uly işleri, tutumly başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň döredijilik däplerini dowam etdirip, baý medeni mirasyny giňden wagyz edýän we türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze eserleri döredýän ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň çekýän zähmetine uly baha berýär. Çünki türkmen halkynyň medeni ösüşinde edebi mirasymyzyň uly ähmiýeti bar. Şeýle edebi mirasymyzyň biri hem halkymyzyň dilinden düşmän, biziň şu günlerimize gelip ýeten Ependi hakyndaky şorta sözlerdir.

Çeper söze gadyr goýýan, şahandaz, dana pederlerimiz «Kinäni söz açar», «Süýji söz — baldan artyk» ýaly ajaýyp nakyllary döredipdirler hem-de şorta sözleri aýtmak arkaly göwnüçökgünligi aradan aýrypdyrlar. Halkymyz parasatly, şahandaz, wäşi adamlaryň pähim-paýhasyna ýugrulan sözlerini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Biz muny halk döredijilik eserlerimiz bolan nakyllaryň, şorta sözleriň, ertekileriň, dessanlaryň, nusgawy edebiýatyň görnükli wekilleriniň şahyrana eserleriniň mysalynda hem aýdyň görýäris. Ýer ýüzünde pähim-paýhasy, wäşiligi, dilewarlygy bilen meşhur bolan molla Ependiniň şorta sözleri hem dürli toý-baýramlaryň bezegine öwrülipdir.

Läle GYLYÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni.