Supra ýaraşygy — myhman

8 Oktýabr 2024
337

Halk hökmünde kemala geleli bäri myhmanparazlyk türkmeni bezeýän iň gowy häsiýetleriň biridir. Şeýle bolansoň, halkymyz myhman barmaýan öýi asla halamandyr. Ony «Gorkut ata» kitabyndaky «Myhman gelmeýän gara öýler ýykylsa ýeg» diýlen jümle aňryýany bilen subut edýär. Ýöne nätjek, ilçilik, ýek-tük myhman kabul etmegi halamaýanlar hem tapylýar. Bu barada rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: bir gyz özüne aşyk ýigidiň öňünde türkmeniň aňyna-oýuna gelmejek şerti goýýar. Ol şerte görä, durmuş guranlaryndan soň ýigit öýüne hiç haçan yzyna adam tirkäp gelmeli däl.

Elbetde, şert ýöne-möne şert däl. Onuň üçin, birinjiden, milletiň myhmansöýerlik häsiýetinden ýüz öwürmeli. Ikinjiden bolsa, erkinligiňi elden giderip, ilkinji günden jylawyňy keýwanyň eline bermeli. Bu şertler hernäçe kynam bolsa, gyzy ýürekden söýen ýigit ony duluna geçirensoň terbiýelärin diýen umyt bilen razylaşýar. Şeýdip, olar toý tutýarlar.

Taýýarlan Akbike ABDYLLAÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.