Ykbalyň emri bilen duz nesibesi çet ýurtlara çeken arkadaşlarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi özlerini dag ýaly ata Watanly, howandar Hossarly eden esasy baýram hökmünde belleýärler. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleri bu baýramçylygyň çäginde dürli medeni çäreleri gurap, maslahatlary geçirip, Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine edýän maddy we ruhy goldawlary, ynsanperwer kömekleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk kelamlaryny zybana getirýärler. Şeýle bolansoň, Baş baýramymyzyň bosagasynda kalby ata Watana bolan söýgüden pürepür goňşy ýurtly doganymyzyň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.