Döwürleriň danasy

24 Sentýabr 2024
410

Magtymguly Pyragy ili-güni barada, şol bir wagtda, öz Watanynyň geljegi hakynda alada eden beýik şahyrdyr. Ol öz döredijiligi arkaly halky agzybirlige, bir döwletlilige çagyrypdyr. Onuň sözleri biziň her birimiz üçin öwüt-ündew, pendi-nesihatdyr. Magtymguly — edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň, arassa ahlaklylygyň, ynsanperwerligiň ebedi mekdebini döreden beýik akyldar. Ol barada balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew: «Pyragynyň süýji setirleri bize iki asyr aşyp ýetdi. Onuň setirleri indi köpleriň söýgüsine eýe boldy. Magtymguly, hakykatdan-da, beýik şahyr bolupdyr. Biziň halkymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elbrus dagy bilen deňeşdirilýär. Men hem Magtymgulyny we onuň poeziýasyny şol belent dag bilen deňeşdirýärin. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl, eýsem, dünýä poeziýasynyň hem Elbrusy hasap edýäris» diýse, awar şahyry Resul Gamzatow: «Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime etmek bilen, poeziýa äleminde şeýle ägirt adamyň türkmenlerdedigine göz ýetirdim» diýipdir. Bu bahalardan soň, Gahryman Arkadagymyzyň: «Millet öz dünýä çykaran beýik şahsyýetleri bilen beýikdir» diýen sözleri hakydaňa dolýar.

Magtymguly öz döwründe dünýä ylymlaryndan gowy baş çykarypdyr. Munuň şeýledigine onuň döredijiligi bilen içgin tanşanyňda göz ýetirýärsiň. Onuň agzybirlik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk, mertlik, jomartlyk ýaly mowzuklardan ýazan goşgulary dünýä şygryýetiniň dürdäneleridir.

Abdylla BERDINAZAROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Weteranlar geňeşiniň agzasy, ätiýaçlykdaky polkownik, DTYB-yň şahsy agzasy.