Berkarar döwletimizde her ýyl Baş baýramymyzyň öňýany Halk Maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň şatlyk-şagalaňly dabaralarynyň bütin ýurdumyzy gurşap alan ajaýyp günleriniň birinde, ýagny 24-nji sentýabrda gözel paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Turuwbaşdan, Halk Maslahatynyň mejlisiniň örän netijeli hem üstünlikli geçendigini bellemek isleýäris.
Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, geçen döwürde Halk Maslahatynyň alyp baran işleri, döwletimiziň il-ýurt bähbitli içeri we hoşniýetli daşary syýasaty, daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlar, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri hakynda aýtdy. Döwletimizi has-da gülledip ösdürmek, halkymyzy mundan-da bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşatmak maksady bilen öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin hemmeleriň kalbynda Watana bolan beýik söýginiň, agzybirligiň, jebisligiň, zähmetsöýerligiň gaýnap-joşmalydygyny nygtady.