Parahatçylyk we ynanyşmak: Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenidir

23 Iýul 2024
122

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynda ýurdumyzy bedew bady bilen ösüş-özgerişleriň belent sepgitlerine ýetirmek, halkymyzyň parahat, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etmek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Dünýä döwletleri bilen milli we umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy berkitmekde döwletimiziň daşary syýasy strategiýasy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyz «Açyk gapylar» hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, oňyn Bitaraplyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgelerine berk eýerýär hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek ugrundaky tagallalara işjeň goşulyşýar.

Maksat GURBANGELDIÝEW,
žurnalist.