Aýdym-saz sungatynda tebigatyň waspy

27 Awgust 2024
551

Milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza uly sarpa goýýan, bu ugurda bize nusgalyk Halypa bolup durýan şahyr göwünli Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetirilýän aýdymlaryň tema örüsi has giňedi. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza, agzybir halkymyza bolan beýik söýgüsiniň netijesinde köpugurly gülläp ösüşlerimizi, mähriban Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edip ýaňlanýan aýdymlarymyz asman giňişliginde ganat ýaýyp, hemmeleriň ýüreklerine hoşluk bolup dolýar.

Biziň dag ýerinde dagly, bag ýerinde bagly, deňiz ýerinde deňizli, derýa ýerinde derýaly, sähra ýerinde sähraly ajaýyp tebigatymyz bar. Onsoň, şeýle owadan tebigatymyzy wasp edip şahyrlar goşgy döretseler, bagşylar olary belent heňde aýdym edip, ile ýetirýärler. Ol aýdymlar halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini joşduryp, olary tebigy gözelliklerimizi gorap saklamaga hyjuwlandyrýar.

Amanmyrat AGAÝEW,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti.