Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynda tutýan orny

27 Awgust 2024
433

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ruhlanan belent maksatly ýaşlar, turuwbaşdan, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünlikleri gazanmak, döwletimiziň şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmak, her bir pursady mana hem-de watansöýüjilige beslemek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman, tutanýerlilik görkezýärler. Täze döwrüň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralara beslenen günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, ählumumy derejede köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň goldanylýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Häzirki wagtda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýaşlar syýasaty boýunça, öňdebaryjy sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Hajymuhammet HAMYDOW,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sanly tehnologiýalar boýunça baş hünärmeni.