Doganlar didarlaşarlar

27 Awgust 2024
556

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer sahawaty netijesinde bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykbalyň emri bilen uzak taryhyň dowamynda Ýer ýüzüniň dürli künjeklerine nesibesi çeken doganlarymyzyň hem ata Watanyna, kyblagähine öwrüldi. Indi her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlaýan günlerimizde paýtagtymyz Aşgabatda daşary ýurtly doganlarymyzyň wekillerini bir supranyň başyna jemläp, olary birek-biregi bilen didarlaşdyrmak, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Beýik ynsanperwer işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň sahawatly tagallasy bilen bu asylly däp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdiriler. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň 17-nji awgustda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa dünýä türkmenleriniň nobatdaky forumynyň guramaçylyk derejesine aýratyn üns bermelidigini tabşyryp, onuň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine ýardam etmelidigi barada aýdanlary esas berýär.

«Türkmen dünýäsi».