Bilim — geljegiň ak ýoly

27 Awgust 2024
94

Mälim bolşy ýaly, ýene sanlyja günden hemişelik Bitarap ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülikleýin çäreler bilen 2024-2025-nji täze okuw ýylyny garşy alar. Her ýyl geçirilýän bu özboluşly baýramyň dabaralary ýaş nesillerimiziň, ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär.

Maksatlaryň myradyna gowuşýan jenneti Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri, dünýä ülňülerine laýyk bilim we terbiýe almaklary, şeýle hem irki ýaşdan, ýagny çagalar bagyndan başlap zehinlerini ýüze çykarmaklary, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri babatda ähli şertler döredilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim ulgamynyň çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli üstünlikli alnyp barylmagy, Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün döwletiň ösüşini şertlendirýän bilim ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Jennet ALLANOWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.