Berkarar döwletň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Hazar deňziniň syýasy, ykdysady, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaýyn işler amala aşyrylanda onuň daşky gurşawyny goramak, biologik serişdelerini aýawly hem-de rejeli peýdalanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň «2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy» döwletiň uzak möhletli durmuş syýasatynda daşky gurşawy goramak we ekologiýany durnukly saklamak boýunça Hazar deňziniň türkmen böleginde we onuň kenar ýakasynda ekologiki talaplary berk berjaý etmegi, onuň suwuny süýjütmek boýunça önümçilik kuwwatlyklaryny gurmagy özüne esasy wezipe edinýär.