Taryhy taryply Änew

27 Awgust 2024
121

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änewiň iň bir gelim-gidimli desgalarynyň biri «Seýit Jemaleddin» diýlip atlandyrylýan meşhur orta asyr arhitektura toplumydyr» diýip ýazýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurlandan bäri ençeme asyrlar geçse-de, Seýit Jemaleddin metjidi häzirki günlere çenli dünýä alymlaryny, jahankeşdeleri, zyýaratçylary özüne çekýär. Bu arhitektura toplumynyň gurlan ýeri hem-de toplumyň özi häzirki wagta çenli ylmy taýdan öwrenilmegini dowam edýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen Diýarymyzda döwlet we halkara derejesinde maslahatlar, sergiler, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Hurma ÇOMMADOWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.