Hereket howpsuzlygyny berjaý ediň!

27 Awgust 2024
639

Sentýabr aýynyň gelmegi, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň başlanmagy bilen, ýollarda pyýadalaryň we ulaglaryň hereketi artyp, ýol hereketi görnetin işjeňleşýär. Şeýle ýagdaýda ýol-hereket hadysasynyň ýüze çykmazlygyny gazanmak, adamlaryň barjak ýerlerine sag-aman barmaklary üçin zerur şertleri döretmek esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin biziň döwletimiz ähli çäreleri görýär. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň janyny, saglygyny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

Döwre we onuň ösüşine görä, ýol hereketleriniň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen wajyp işleriň geçirilýändigine garamazdan, ýollarda juda seresaply, ünsli bolmaly. Gynansak-da, kähalatlarda sürüjiler ýol hereketleriniň kadalaryny dogry berjaý etmän, adamyň saglygyna we ömrüne howp salýarlar. Şonuň üçin, pyýadalar diňe bir ýol hereketine gatnaşyjy bolman, eýsem, ulag hadysalary zerarly heläkçilige sezewar bolan adama kömek bermegi-de başarmalydyrlar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.