Mälim bolşy ýaly, 23-24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Ol döwlet Baştutanymyza «Duslyk» ordenini gowşurdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu sylagy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmasy hökmünde kabul etdi we «Goý, bu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin!» diýip belledi. Bu waka dünýä türkmenlerini çäksiz guwanç duýgusyna besledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy. Bu abraýly sylag Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletara gatnaşyklarda, halklaryň arasynda abadançylygy, jebisligi pugtalandyrmakda alyp barýan adyl syýasatynyň dünýäde doly ykrar edilýändigini görkezýär.