Sebitimiz — ygtybarly zolak

12 Noýabr 2024
259

Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi juda ýakymly wakalaryň biri boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Galyberse-de, bu wakany ýurdumyzyň daşary syýasy üstünligi hökmünde häsiýetlendirmelidiris.

Merkezi Aziýa dünýäniň strategik sebitleriniň biridir. Onuň ýurtlary häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ykdysadyýeti, ekologiýany, hususyýetçiligi, ylmy-intellektual başlangyçlary ösdürmek ugrunda köp işler ýerine ýetirilýär. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan tagallalar has-da işjeňleşdirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy yzygiderli geçirilýär. Bulardan başga-da, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler Jarnamasy kabul edildi. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumy döredildi. Aýratyn bellenilmeli ýagdaý, häzirki wagtda «Merkezi Aziýa + ...» görnüşindäki meýdançanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hem ilerleýär. Merkezi Aziýa ýurtlary bilelikde Hytaý Halk Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa bilen «Merkezi Aziýa + ...» görnüşinde altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Bu diplomatik format ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetlidir.

Çary ÝUSUPOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy.