"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Ene göreldesi - perzent ýörelgesi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilen dabaralar uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna we agzybirlige beslendi. Bu ajaýyp bahar baýramy eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, söýginiň, maşgala ojagyna wepalylygyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän türkmen zenanlarynyň sarpasyny we mertebesini hemişe belentde tutmaga ýardam edýär. 8-nji martda geçirilen dabaralar mähriban zenanlarymyza özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Eneler — durmuşyň başlangyjy, maýasy, gönezligi. Enä taý geljek mukaddeslik ýokdur. Dowamat eneden gaýdýar. Ene ýüregi, ene mähri hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan mukaddeslikdir. Ol her bir äden ädiminde perzendi goraýan gudrat, keramat. Şonuň üçin eneler keramatly Käbe bilen deňelýär. Enäniň çagasyna bolan mährini hiç bir ölçeg birligi bilen ölçäp bolmajakdygy hakykat. Ol mähri hiç bir düşünje bilen çalşyp, hiç bir galyba salyp bolmaýar. Ol aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän umman mysaly möwç urýan duýgular ulgamy. Bu duýgular adamzat bilen bilelikde dörän duýgular.

Magtymguly Pyragy

BU GÜN Dogdy asmanyň Zöhresi,Çyn aşyga döwran bu gün.Açyldy zemin lälesi,Uşbu dünýä reýhan bu gün.

Ýagtylyk ýaýmak (tymsal)

Ýaş oglanlaryň biri orta derejeli bir şäherde dükan açýar. Söwdagäriň özi hem halal, hem göwnaçyk, hem-de känbir mal-mülke kowalaşman, harytlaryny amatly berensoň, dükany gysga wagtyň içinde adygýar gidiberýär. Goňşy etraplardyr şäherlerden hem alyjylary köpelip başlaýar. Her gelenem, öz şäherlerinde-de dükan açmagy teklip edýärler. Sermaýasy köpelensoň, beýleki ýerlerde-de dükanlary açyp, işini has-da ulaltmaga başlaýar. Şeýdibem, uly dükanlar zynjyrynyň eýesi bolýar. Şeýle derejelere gelýänçä, elbetde wagt hem geçýär. Halal söwdagäriň köpi geçip, azy galýar. Öz ýagdaýyna düşünen söwdagär işlerine kömek edýän üç ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Üçiňizem meniň zürýatlarym. Içiňizden menden soň öz ornuma eýe boljak birini saýlamagam juda çetin. Şeýle bolansoň, men sizi synap görmegi müwessa bildim. Sizden şu 10 manady alyp, oňa oturan otagymyzyň içini doldurjak zat tapyp, satyn almagyňyzy isleýän. Haýsyňyz şu synagdan geçip bilseňiz, ornuma şony laýyk görjek».

Gender deňligini gazanmak: durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp ugry

Häzirki zaman jemgyýetinde erkekleriň hem-de aýallaryň hukuklarynyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda deňligine uly üns berilýär. Bu deňligiň derejesi raýat jemgyýetiniň ösüşiniň ölçegleriniň biri hasap edilýär. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, esasan, ýurduň ösüşiniň durmuş-ykdysady we syýasy aýratynlyklaryna bagly bolup durýar. Zenanlar babatda döwlet syýasaty — munuň özi durmuş syýasatyň bir düzüm bölegi bolup, iri durmuş-demografik topar hökmünde zenanlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, olaryň hukuk we durmuş derejesini kemala getirýär, jemgyýet bilen özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Türkmenistan umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyz häzirki wagtda halkara giňişligine işjeň goşulyşýan, Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde tanalýar.

Türkmen dünýäsi

1 Erkinlik şemaly sergin, erkana.Mylaýym öwüsýär ýürek, kalbyňda.Ýetirdi ol beýik şöhrata-şana,Söýgi, ýyly mähir, buýsanç bar onda.

Howa çalşyk möwsüminde saglygyňy goramagyň usullary

Tebigat bize gyş, ýaz, tomus, güýz pasyllaryny peşgeş berýär. Adamyň bedeni pasyl çalşygy döwründe, şol paslyň aýratynlyklaryna görä uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysany bedeniň immun, maddy alyş-çalyş ulgamlary ýerine ýetirýär. Bedeniň pasyllaryň çalşygyna uýgunlaşmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini dogry berjaý etmek wajypdyr. Munuň özi dürli keselleriň öňüni almagyň iň ygtybarly usulydyr. Ýaz paslynda adamyň witaminlere, mikroelementlere baý ter önümleri ýeterlik mukdarda kabul etmegi zerurdyr. Sebäbi bu pasylda beden tomus pasly üçin uýgunlaşma hadysasyny başdan geçirýär we tomsuň jöwzaly yssy günlerinde çydamly bolmaga güýç toplaýar. Güneşli Diýarymyzda bitýän dermanlyk häsiýete eýe bolan miwelerden we gök önümlerden taýýarlanýan milli tagamlar we ösümlik ýagy goşulan dürli işdäaçarlar bedeni gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýärler. Ýazyna kakadylan miweler bilen gök çaý adamlaryň isleg bildirip içýän esasy içgileriniň biridir. Degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp, dürli ter miweleriň şirelerini peýdalanmak zerurdyr.

Soňky sütün

Taryhy maglumatlara görä, Göktürkmen döwletinde zenanlara goýlan sarpa öz döwri bilen deňeşdireniňde juda uly bolupdyr. Bu döwürde han we onuň aýaly tarapyndan döwletiň bilelikde dolandyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. * * *

Ösüşiň täze sepgitlerine tarap

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen uly üstünliklere beslenip başlanan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Ykdysadyýetimizi, senagatymyzy we halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmekde, demokratik ýörelgelerimizi pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda, ata Watanymyzyň dünýä möçberindäki at-abraýyny has-da belende götermekde, bilimi we ylmy kämilleşdirmekde, giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary we halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda ägirt uly işler edilýär. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, bu wajyp senäni uly ruhubelentlik hem şowhun-şagalaň bilen belläp geçer. Günsaýyn gülleýän döwletimiziň baş baýramyny ähli pudaklarda gazanylýan uly üstünlikler bilen garşy almak ugrunda taýýarlyk görýän watandaşlarymyzyň zähmet ýeňişleri ählimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ýokarda aýdanlarymyzy üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem doly subut edýär. Bilşimiz ýaly, bu mejlisde 2020-nji ýylda, ýagny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalyp, şu ýyl üçin ata Watanymyzy durmuş

Saýlawlar ― milli demokratiýanyň kepili

Bu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 28-nji martynda boljak saýlawlar Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda barha dabaralanýan demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm ädimdir. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi bilen bagly işler aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Çünki dalaşgärlige dürli pudaklaryň wekilleri bolan il içinde uly abraýdan peýdalanýan, tutanýerli zähmet çekýän adamlaryň hödürlenilmegini gazanmak agzalan Toparyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki wagta çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandatyna 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan hem-de 11-si Aşgabat şäherinden bolan 81 dalaşgär hödürlenilipdir.

Hoşniýetli goňşuçylygyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde Russiýa döwleti, onuň sebitleri bilen uzak taryhdan gözbaşly gatnaşyklarymyz täze mazmuna laýyk ösdürilýär. Bu babatda türkmen doganlarymyzyň üç müňe golaýynyň kowçum bolup ýaşaýan Astrahan welaýaty hem aýratyn üns bererlikdir. Çünki milli Liderimiziň belent ynsanperwerligi netijesinde, 2015-nji ýylyň başynda Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda orta mekdep gurmaklyga niýetlenen gurluşyk serişdelerinden ýüklenen «Berkarar» atly gämi-paromyň ilkinji ýüzüşini Astrahana amala aşyrandygy hemmeleriň ýadyndadyr. Türkmen telekeçileri tarapyndan döwrüň innowasion enjamlary bilen üpjün edilip gurlan ol mekdepde häzirki wagtda türkmen çagalary bilen birlikde, beýleki halklaryň ýaşlary-da bilim alýarlar. Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, ýene-de bir Buýruga gol çekdi. Ol resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 106-njy mejlisiniň 73-nji maslahatynda kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem-de milli Liderimiziň teklibi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrmak hakynda kabul eden Kararyna buýsançnama. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ýagşylar ýagşylyk goýar dünýäde

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, döwletimiziň hem jemgyýetimiziň öňünde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, has takygy, milli nebitgaz ulgamynyň dünýä derejesinde ösdürilmegine, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine hem-de onuň işiniň has-da kämilleşdirilmegine, şu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna goşan şahsy goşandy üçin Ýagşygeldi Kakaýewiň ady bu pudagyň ýokary okuw mekdebine dakyldy. Bu ýakymly waka ýagşy adamyň ýatdan çykmaýandygy hakyndaky hakykat bolup, kalbymyzy nurlandyrdy. Ol döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň biri bolup taryha ýazyldy. Ýene bir üýtgewsiz hakykat, milli Liderimiziň: «Görnükli ildeşlerimizi hatyralamak, olaryň atlaryny ebedileşdirmek we nesillerimiz üçin saklap galmak biziň ählumumy borjumyzdyr» diýen sözleri asylly däbe öwrülip, durmuşymyza ornaşyp barýandygyna her birimiz şaýatdyrys. Halypa hatyrasy

Beýik işler buýsandyrýar her kimi

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly geçirmek barada aýdanlaryndan ruhlanyp, şu günler ähli watandaşlarymyz bu şanly senäni mynasyp garşylamak höwesi bilen hyjuwly işleýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň, turuwbaşdan, göwün göteriji üstünliklere beslenip başlanmagy, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalary birjik-de nazaryndan düşürmän, häli-şindi olarda işleriň gidişi bilen tanşyp durmagy bolsa halkymyzyň öz öňünde goýan maksadyna abraý bilen ýetip, Baş baýramymyzy zähmet sowgatlary bilen garşylajakdygyna ynam döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz şu günler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde öz ösüşinde uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry tehnologiýalaryň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, ähli pudaklara sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi, täze önümçilikleriň döredilmegi we hususy bölegiň ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Netijede, biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Kämil nesil — bagtyýar geljek

Ertirlerimiziň mynasyp gurujylary bolan ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, olara kämil bilim bermek işi elmydama hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanýar. Muňa biz şu ýylyň 12-nji fewralynda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşyny diňläp, ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik. Ol çykyşyň düýp özeninde biziň döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýändigi, çaga terbiýesiniň döwrebap bolmagy üçin onuň doglan pursadyndan alada edilip ugralýandygy baradaky pikiri biziň her birimiz duýan bolsak gerek.

Milli mirasymyzda tebipçilik

Türkmen milli lukmançylygynyň düýbüni tutujylar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda 810 dermanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýankitabynda» 1000-e golaý, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» kitabynda hem 1000 töweregi dermanyň ady agzalýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik işinde bu sanawyň has köpdügi, güneşli Diýarymyzda 2500-den gowrak lukmançylyk ähmiýetli dermanlyk ösümlikleriň bardygy nygtalýar. Olaryň içinden 27 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Milli golýazmalarda saklanýan ygtybarly çeşmelerdäki maglumatlara görä, lukmançylykda haýsydyr bir keseli bejermegi hassanyň tebigatyna laýyk gelýän iýmitden we dermanlardan başlamalydygy nygtalýar. Dünýä belli alym Muhammet Gaýmaz Türkmen: «Tebip Allanyň et diýen zatlaryny, tagat-ybadatlaryny hökman ýerine ýetirmelidir. Süýji dilli, mylaýym sözli, garyp-pukaralary bejermekde höwesek bolmalydyr» diýip tekrarlaýar. Dermana mätäçlik ýüze çykanda ony talabalaýyk ulanmagy başarmaly. Hassanyň ýaşyna, gylyk-häsiýetine, ýylyň paslyna, dermanyň ýasalyşyna we ulanylyş mukdaryna üns bermeli.

Bedenterbiýe - sagdynlygyň gözbaşy

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetiň iň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmekden we ýaş nesli bu ugra gönükdirmekden ybaratdyr. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, gaty ir döwürlerde her dürli hereketler kämilleşip, adamlaryň maşk etmek endigine öwrülipdir. Olar ylgamak, bökmek we towusmak ýaly hereketleriň bedeni berkidýändigini, ömri uzaldýandygyny we dem alyş ýollaryny sazlaýandygyny bilipdirler. Şonuň üçin, bedenterbiýe we sport ulgamy barha kämilleşipdir.

Gandymyň seýrek görnüşi

Biziň tebigatymyz ösümliklere baý. Ýöne uzak ýyllaryň dowamynda şol ösümlikleriň san taýdan seýrekläni-de, ünsli goraga mätäçleri-de bar. Şolaryň biri-de «Gamgyn gandym» agajydyr. Ol kyrkbogunlylar maşgalasyna degişli ýarymgyrymsy agaçjykdyr. Onuň boýy 50 santimetr töweregi, baldagy agaçlaşan, ýere golaý ösýär. Ýapraklary bogunly. Ownujak ak gülli. Miweleri gyzyl, kähalatlarda sarymtyl, şarşekilli, gyldyrganly. Ol baldaklaryny dökýän, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň biri bolup, tohumlaryndan köpelýär. Köpeliş döwri 4-5 ýyldan soň başlanýar. Aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýun-iýul aýlarynda miweleýär. Ol Kiçi Balkanyň günorta-günbatarynda, Gumdag şäherçesiniň töwereginde ösýär. Çäge syramagy bilen dörän, bozulan ulgam-aklaň çägeliklerde, gipsli toýunlaryň açylan ýerlerinde bitýär. 2008-nji ýylda bilermenler tarapyndan geçirilen sanawlaryň we barlaglaryň netijesinde bu agajyň 20-den gowrak düýbi hasaba alyndy.

Gadymy taryhyň şaýatnamalary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halkyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Çünki biziň gadymy ýadygärliklerimiz halkymyzyň taryhy köklerini açyp görkezýän ajaýyp gymmatlyklar hasaplanylýar. Olar milletimiziň köpasyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmekde, asyrlaryň jümmüşinde galan, wagtyň aýdyp bilmeýän syrly sahypalaryndaky ýazgylary okamakda bahasyna ýetip bolmajak miraslarymyzdyr. Ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerleşýän Marguş, Köneürgenç, Altyndepe, Nusaý, Amul, Zemm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärliklerimiz geçmiş bilen şu günümizi utgaşdyryp, ruhy bitewüligi emele getirýär. Olar halkymyzyň şanly taryhy bilen geljekki nesilleri tanyşdyrmak arkaly diňe bir şu günümiz üçin däl, eýsem, ertirlerimiz üçin hem gönezlik bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän üç sany medeni-taryhy ýadygärlik — Gadymy Merw, Köneürgenç we Köne Nusaý ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna girizilmegi dünýä alymlarynyň we jahankeşdeleriniň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Häzirki döwürde dünýä taryhynda Mary welaýatynda ýerleşýän bürünç asyryna degişli Marguş döwletiniň paýtagty Goňurdepe uly orna eýedir. Alymlaryň pikiriçe, Marguş kökleri taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan gadymy Gündogar

Goňşy ýyrtda dogan bar

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Türkmensähranyň ilatynyň agramly bölegi türkmen diliniň ýomut şiwesinde gürleýär. Eýranda ýaşaýan türkmenler pars dilini hem suwara bilýärler. Türkmenler özleriniň ýaşaýan ähli welaýatlarynda pars, kürt, buluç, arap we beýleki etniki halklar bilen dost-doganlykly gatnaşyklary saklap, agzybirlikde ýaşaýarlar.

Halypalaryň halypasy hakynda gollanma

Aýdym-saza ynsanlaryň göwünlerini ganatlandyrýan gudrat hökmünde baha berýän Gahryman Arkadagymyz bu ugruň wekillerine elmydama ýokary sarpa goýýar. Milli bagşyçylyk akabasynyň gözbaşynda duran ägirtlerimiziň hormatyny belentde tutup, olaryň ömür ýoluny, bagşyçylyk älemindäki hyzmatlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Milli Liderimiziň şol mümkinçilikleri esasynda bu günki gün dürli döwürlerde ýaşan bagşy-sazandalar hakynda kitaplardyr makalalar yzygiderli çap edilýär. Geçen ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çap edilen «Kel bagşy» atly okuw gollanma kitaby hem meşhur Kel bagşynyň — Allaberdi Aýdogdy oglunyň ömür beýanyndan pursatlary gürrüň berýär. Şoňa görä, bu okuw gollanmasy ýokary, ýörite orta sazçylyk, sungat okuw mekdepleriniň talyplary, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlar, hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy.