Bedenterbiýe - sagdynlygyň gözbaşy

23 Fewral 2021
1221

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetiň iň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmekden we ýaş nesli bu ugra gönükdirmekden ybaratdyr.

Hünärmenleriň bellemeklerine görä, gaty ir döwürlerde her dürli hereketler kämilleşip, adamlaryň maşk etmek endigine öwrülipdir. Olar ylgamak, bökmek we towusmak ýaly hereketleriň bedeni berkidýändigini, ömri uzaldýandygyny we dem alyş ýollaryny sazlaýandygyny bilipdirler. Şonuň üçin, bedenterbiýe we sport ulgamy barha kämilleşipdir.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäher 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.