Türkmen milli lukmançylygynyň düýbüni tutujylar Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda 810 dermanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýankitabynda» 1000-e golaý, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» kitabynda hem 1000 töweregi dermanyň ady agzalýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik işinde bu sanawyň has köpdügi, güneşli Diýarymyzda 2500-den gowrak lukmançylyk ähmiýetli dermanlyk ösümlikleriň bardygy nygtalýar. Olaryň içinden 27 sanysy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Milli golýazmalarda saklanýan ygtybarly çeşmelerdäki maglumatlara görä, lukmançylykda haýsydyr bir keseli bejermegi hassanyň tebigatyna laýyk gelýän iýmitden we dermanlardan başlamalydygy nygtalýar. Dünýä belli alym Muhammet Gaýmaz Türkmen: «Tebip Allanyň et diýen zatlaryny, tagat-ybadatlaryny hökman ýerine ýetirmelidir. Süýji dilli, mylaýym sözli, garyp-pukaralary bejermekde höwesek bolmalydyr» diýip tekrarlaýar. Dermana mätäçlik ýüze çykanda ony talabalaýyk ulanmagy başarmaly. Hassanyň ýaşyna, gylyk-häsiýetine, ýylyň paslyna, dermanyň ýasalyşyna we ulanylyş mukdaryna üns bermeli.