Hoşniýetli goňşuçylygyň hatyrasyna

23 Fewral 2021
1256

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde Russiýa döwleti, onuň sebitleri bilen uzak taryhdan gözbaşly gatnaşyklarymyz täze mazmuna laýyk ösdürilýär. Bu babatda türkmen doganlarymyzyň üç müňe golaýynyň kowçum bolup ýaşaýan Astrahan welaýaty hem aýratyn üns bererlikdir. Çünki milli Liderimiziň belent ynsanperwerligi netijesinde, 2015-nji ýylyň başynda Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda orta mekdep gurmaklyga niýetlenen gurluşyk serişdelerinden ýüklenen «Berkarar» atly gämi-paromyň ilkinji ýüzüşini Astrahana amala aşyrandygy hemmeleriň ýadyndadyr. Türkmen telekeçileri tarapyndan döwrüň innowasion enjamlary bilen üpjün edilip gurlan ol mekdepde häzirki wagtda türkmen çagalary bilen birlikde, beýleki halklaryň ýaşlary-da bilim alýarlar.

Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, ýene-de bir Buýruga gol çekdi. Ol resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

«Türkmen dünýäsi».