Halypalaryň halypasy hakynda gollanma

23 Fewral 2021
849

Aýdym-saza ynsanlaryň göwünlerini ganatlandyrýan gudrat hökmünde baha berýän Gahryman Arkadagymyz bu ugruň wekillerine elmydama ýokary sarpa goýýar. Milli bagşyçylyk akabasynyň gözbaşynda duran ägirtlerimiziň hormatyny belentde tutup, olaryň ömür ýoluny, bagşyçylyk älemindäki hyzmatlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Milli Liderimiziň şol mümkinçilikleri esasynda bu günki gün dürli döwürlerde ýaşan bagşy-sazandalar hakynda kitaplardyr makalalar yzygiderli çap edilýär.

Geçen ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli çap edilen «Kel bagşy» atly okuw gollanma kitaby hem meşhur Kel bagşynyň — Allaberdi Aýdogdy oglunyň ömür beýanyndan pursatlary gürrüň berýär. Şoňa görä, bu okuw gollanmasy ýokary, ýörite orta sazçylyk, sungat okuw mekdepleriniň talyplary, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlar, hünärmenler üçin ajaýyp sowgat boldy.

Akgül SAPAROWA,
žurnalist.