Türkmen edebiýatynyň taryhyndan mälim bolşy ýaly, täze edebi çemeleşmeler arkaly döredijiligiň kämil nusgasyny döreden beýik söz ussatlarymyzyň mirasynda täze ýola, täze döwre, täze ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklaryna bolan çagyryş eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem umumadamzat gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary saýlap alyp, ýaşaýşa döredijilikli çemeleşmek, bilimiňi baýlaşdyrmak, dostluk däplerini pugtalandyrmak ýaly bähbitli ýörelgeleri ösdüren akyldardyr. Onuň ynsan mertebesini goramak babatdaky pikir-garaýyşlary jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilligini gazanmaga gönükdirilendir.
Şunda esasy maksat kämillik hakyndaky garaýyşlaryň üsti bilen, ynsanyň ukyp-başarnygynyň, güýç-kuwwatynyň çäksizdigi hakyndaky pikiri öňe sürmekdir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Kämilleşmek — akyl-paýhasyň, aň-düşünjäniň, ukyp-başarnygyň sözüň doly manysyndaky hereket ediş çägini ýaýýanlygyndadyr» diýen çuňňur pelsepewi garaýşynyň düýp mazmunyna Magtymguly Pyragynyň döredijiligi arkaly hem göz ýetirmek bolýar.