Gündogaryň beýik söz ussady we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary gyzyklanma eýe bolup, şahyryň ajaýyp şygyrlary dilden-dile geçýär, aýdym bolup kalplara siňýär. Beýik söz ussadynyň ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna besleýän ajaýyp şygyrlaryny dürli dillere terjime edip, geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyryň watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly taglymatlary asyrlar içre adamzada hyzmat edip gelipdir. Söz ussadynyň çuň pelsepä beslenen eserleri ynsan köňlüniň nagşyna öwrülip, dünýäniň dürli halklaryny parahatçylyga, agzybirlige, jebislige çagyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde ýazyşy ýaly, «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar».
Häzirki wagtda döredijilik, ylym-bilim bilen meşgullanýan daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň Magtymguly Pyragynyň dünýäde asudalygyň, adamzadyň bagtyýarlygynyň, halklaryň özara düşünişmeginiň berkarar bolmagy baradaky şygyrlarynyň ähmiýetini, halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan baý medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekde alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Munuň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň at-abraýyny barha belende götermek, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary has-da ösdürmek, Magtymguly Pyragynyň eserlerini adamzat nesillerine elýeterli etmek ugrundaky asyrlara ýaň saljak beýik işleri dur. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülmeginde, giňden ýaýradylmagynda ykbalyň emri bilen geçmişde dünýäniň dürli künjeklerinde mesgen tutan türkmen doganlarymyzyň goşandy hem uludyr.