Beýik işler buýsandyrýar her kimi

23 Fewral 2021
912

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly geçirmek barada aýdanlaryndan ruhlanyp, şu günler ähli watandaşlarymyz bu şanly senäni mynasyp garşylamak höwesi bilen hyjuwly işleýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň, turuwbaşdan, göwün göteriji üstünliklere beslenip başlanmagy, Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmeli desgalary birjik-de nazaryndan düşürmän, häli-şindi olarda işleriň gidişi bilen tanşyp durmagy bolsa halkymyzyň öz öňünde goýan maksadyna abraý bilen ýetip, Baş baýramymyzy zähmet sowgatlary bilen garşylajakdygyna ynam döredýär.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz şu günler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we taýsyz tagallalary netijesinde öz ösüşinde uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry tehnologiýalaryň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, ähli pudaklara sanly ulgamyň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi, täze önümçilikleriň döredilmegi we hususy bölegiň ösdürilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Netijede, biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Azat MÄMMETWELIÝEW,
Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkeziniň lukmany.