Aşgabat — binalardan düzülen belent mukam
Filosoflar: «Binagärlik — daşa dönen mukam» diýenlerinde suhangöýlük edýärlermikä öýderdim. Haçanda binagärlik, şähergurluşyk barada ýygy-ýygydan ýazmaly bolup, paýtagtymyzy dürli künjeklerden synlap duranymda şol mukamy — giňişlikde doňup galan mukamy eşidýän ýaly bolýaryn. Aşgabadyň binagärlik gurluşy edil ene hüwdüsi ýaly, dutaryň, gopuzyň owazy ýaly, türkmen gözelleriniň kakan lälesi ýaly, Nury Halmämmediň «Nar agajy» ýaly, tükel esbabyna şaýlanan, altyn nally atlarymyzyň aýaklarynyň tyrkyldysy ýaly imrindiriji. Ol özüni synlap duran ynsana päklik, asudalyk, bagtyýarlyk hakynda belentden ýaňlanýan sena bolup mertebelilik eçilýär, şeýle nurana, mähriban ýurtda ýaşaýandygyňa bolan buýsanjy bagyş edýär. Her bir zatda mantyk bolmalydygy hak, şeýle bolanda gözellik has dabaraly, mertebeli, manyly duýulýar. Şähergurluşyk sungatyndaky mantyk has-da ýakymly bolýar. Ine, 12-nji aprelde dabaraly açylan Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalarynyň bir syrgynda ýerleşmegi, edil şonuň ýaly şu gün açylyş dabarasy meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň, açylyş dabarasy ertir meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň biri-birine golaý aralykda ýerleşmegi milli şähergurluşyk sungatymyzdaky ajaýyp mantyga, ýakymly sazlaşyga iň täze taryhymyzdan mysalla