Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde aýdym-saz sungatymyzy ýokary kämillikde ösdürip, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler açyldy. Hut şoňa görä-de, aýdym-saz sungatymyz şeýle alada gurşalan döwründe sazlary nota geçirmek meselesi wajyp bolup durýar. Sazşynas Ýazmyrat Rejepowyň «Türkmen halk sazlary» atly okuw gollanmasynda halk sazlarymyzyň inçeligini, milli aýratynlygyny saklamak maksady bilen türkmen milli sazynyň ussatlary Mylly Täçmyradowyň, Pürli Saryýewiň, Çary Täçmämmedowyň, Jepbar Hansähedowyň çalan saz eserleriniň nusgalary nota ýazgysyna geçirildi. Işe şeýle çemeleşilmeginiň ähmiýeti bu sazlary öwrenýänlere sazyň ykrar edilen nusgalaryny kämil derejede öwrenmäge ýol açmakdan ybaratdyr.
Türkmen aýdym-saz sungaty geçen asyrlardan XX asyryň ortalaryna çenli, esasan, halypa-şägirtlik ýoly bilen gelip ýetipdir. Şeýle-de bolsa, taryhyň ençeme kynçylyklaryny başdan geçiren milli sungatymyzyň nesilden-nesle başbitin geçmeginde birnäçe bökdençlikler döräpdir. Şeýlelikde, şertleriň, mümkinçilikleriň ýeterlik derejede bolmanlygy türkmeniň medeni ösüşinde uly orun tutan, aýdym-saz sungatynyň ajaýyp genji-hazynasyna öwrülen eserleriň ençemesiniň ýitip gitmegine getiripdir. Şeýle sazlara «Geldi begiň mukamy», «Abylgaz», «Abdalýusup», «Niçik zat sen?» ýaly sazlarymyzy mysal getirmek bolar.