Hormatly Prezidentimiziň bilime, ylma berýän ägirt uly ünsi netijesinde bu pudak dünýä derejesinde ösýär we kämilleşýär. Türkmen, iňlis, rus dillerini öwrenmek bilim ulgamynyň esasy özenini düzýär. Sebäbi islendik ylym-bilim almak ukyby maglumat almak we ony özleşdirmek bilen bagly. Bu ugurda halkara dilleriň biri bolan iňlis dili bilen bir hatarda, beýleki daşary ýurt dillerini öwrenmegiň hem ähmiýeti ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmek boýunça köpsanly guramaçylyk, ylmy-barlag we usulyýet işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, dünýäde ylmy maglumatlaryň esasy bölegi iňlis dilinde neşir edilýär.
Biziň jemgyýetçilik durmuşymyz gün-günden özgerýär. Häzirki wagtda adamzadyň durmuşyny internet, radio, telewideniýe ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gurşap alýar. Olar ýaşlara dünýä akyl ýetirmäge, öz-özüni kämilleşdirmäge, dünýägaraýşyny giňeltmäge çäksiz mümkinçilikleri berýär. Şeýle ýagdaýda maglumatlaryň ägirt uly giňişliginden baş çykaryp bilmegi, zerur maglumatlary tapmagy we olary iş ýüzünde ulanmagy öwrenmek zerurdyr. Şoňa görä-de daşary ýurt dillerini bilmek möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi dilleriň üsti bilen özüňi gyzyklandyrýan pudak barada maglumatlary bütin dünýä boýunça tapmak mümkin.