Hormatly Prezidentimiz «akylly» tehnologiýalary hem-de ekologiki taýdan arassa bolan enjamlary durmuşa ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berýär. Hususan-da Gün batareýalaryny we ýel generatorlaryny ulanmak bilen baglanyşykly meselelerde ylmy çözgütleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Netijede, «akylly» tehnologiýalary diňe bir şäher gurluşygynda däl, eýsem, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda hem ornaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça ýokary tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar we sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikleri halk köpçüligine wagyz etmek barada hem uly işler alnyp barylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzdan goldawly türkmen telekeçileriniň daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmekleri guwandyryjy ýagdaýdyr.